“Mançester Sitimi” ýa-da “Mançester Ýunaýted”

Şu gün Angliýanyň FA Kubogynyň finaly oýnalar.Aşgabat wagty bilen 19:00-da başlanjak bu taryhy finalda “Mançester Siti” bilen “Mançester Ýunaýted” klublary duşuşar. 142-nji gezek geçirilýän FA Kubogynyň ýaryşynyň finalynda ilkinji sapar Mançester derbisi oýnalar.

Soňky gezek bu kubogy 2019-njy ýylda alan “Mançester Siti” 6, soňky sapar 2016-njy ýylda gazanan “Mançester Ýunaýted” 12 gezek bu kubogy eýeledi.Duşuşyk Londondaky “Wembley” stadionynda oýnalar.

Iki toparyň hem esasy düzümde meýdança çykmagyna garaşylýar. “Mançester Ýunaýtediň” düzüminde Antonio Marsial şikesi sebäpli oýnap bilmez.

Ýene degişli makalalar

10.08.2017 | Türkmenistanyň Merkezi banky Aziada-2017-niň hormatyna ýadygärlik şaýylaryny çykardy
V Aziýa oýunlary mynasybetli ýadygärlik şaýy pullary çykaryldy
“Mançester Ýunaýtediň” oýunçysy APL-de iň çalt dubl etdi