“Mançester Ýunaýtediň” täze tälimçisi mälim edildi

“Premier Ligada” garaşylyşyndan pes netije görkezýän “Mançester Ýunaýtediň” täze tälimçisi resmi ýagdaýda mälim edildi.Ozaldan hem belli bolşy ýaly, klub häzirki wagtda “Aýaks” toparyna tälim berýän Erik ten Hag bilen 3 ýyllyk şertnamanyň baglaşylandygyny habar berdi. 52 ýaşly tälimçiniň öweztölegi hökmünde “Aýaksa” 2 million ýewro berler. “Go Ehed Iglz”, “Bawariýa II”, “Utreht” ýaly klublara tälim beren Ten Hag futbolçylyk ýyllarynyň aglabasyny “Twente”, “De Graafşap”, “Utreht” ýaly klublarda geçirdi.

“Aýaks” Ten Hagyň tälimçiliginde 2019-njy we 2021-nji ýyllarda çempionlyk gazanypdy. Ten Hag topara tomusda tälim berip başlar.

Ýene degişli makalalar

Garaşylmadyk habar: Al-Aýnyň baş tälimçisi işden gitdi
Pep we onuň şägirtleri (makala)
29-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Mançester Ýunaýted Erik ten Hag bilen şertnama gol çekişdi
Ýyldyz futbolçylar bir-birden klublaryny terk edýärler
Ronaldu nirä we näme üçin gitmek isleýär?!