Manyly ömür nusgalyk ömür

Türkmen halky asyrlarboýy kitaba uly hormat bilen garap, ony mukaddeslige deňeýär. Sebäbi ruhy hazyna hakydaňda öçmejek gymmatlykdyr. Şöhratly taryhymyzda ençeme söz ussatlarymyzyň, akyldarlarymyzyň, danalarymyzyň miras galdyran ylmy we çeper eserleri kalbymyzda hemişe ruhubelentligi, hoşniýetliligi, ylym-bilime bolan söýgini, Watan, il-gün mukaddesligini has belent derejelere ýetirýär.

Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan dörän kitaplar halkyň köňül guşuny ganatlandyrýar. Çünki bu kitaplar pähim-paýhasa, çuňňur many-mazmuna ýugrulyp, okyja ajaýyp duýgulary bagyş edýär. Älem içre at gezer, Döwlet guşy atly ajaýyp romanlar okyjylar tarapyndan uly gyzyklanma bilen okalýan eserlere öwrüldi.

Baş gahrymanlary hakyky durmuşdan alnan şahsyýetler, durmuşyň hakyky wakalaryny çeper beýan edýän bu eserler okyjylaryň söýgüsini gazanyp, iň söýgüli esere öwrüldi.Hakyky durmuş wakalary çeper beýan edýän bu kitaplaryň ýyl geçdigiçe okyjysy artýar.

Gahryman Arkadagymyň döredijilik miwesi bolan Ömrümiň manysy atly kitaby okyjylar tarapyndan köp soralýan we okalýan söýgüli kitaba öwrüldi.Alym Arkadagymyzyň egsilmez pähim-paýhasyny, baý durmuş tejribesini, giň dünýägaraýşyny özünde jemleýän bu kitaby çuňňur filosofik many-mazmunly, taryhy, medeni we geografik ensiklopediýadyr.

Kitapda taryhymyza, paýhasly pederlerimiziň döreden gymmatlyklaryna, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän asylly däp-dessurlaryna, eziz Diýarymyzyň häzirki döwründäki ösüşlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle-de, şu günüň we geljegiň beýik başlangyçlary öňe sürülýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu ajaýyp kitabyny okaýarkaň, halkymyzyň ýaşaýyş medeniýetiniň baýlygyna, giňdigine, çuňdugyna we dowamat-dowamlygyna göz ýetirýärsiň. Çünki kitapda türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan däp-dessurlar, urp-adatlar, kadalar, mukaddes ýörelgeler jikme-jik beýan edilýär.

Kitabyň Ömrümiň manysy diýip atlandyrylmagynyň uly manysy bar, çünki Gahryman Arkadagymyz manyly durmuş ýolunda ençeme ýylyň dowamynda türkmen jemgyýetine sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakda, döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraýyny has-da beýgeltmekde, halkymyzyň baý milli mirasyny dünýä ýaýmakda ägirt uly işleri alyp bardy.

Bu kitapda akyldarlaryň, alymlardyr şahyrlaryň baý döredijiligine, halk paýhasyndan dörän nakyllardyr atalar sözlerine salgylanylýar. Olaryň many-mazmuny barada çuňňur pikir ýöredilýär. Gahryman Arkadagymyz atalar sözlerinde ajaýyp gymmatlyk-häsiýetli, gowy terbiýeli, hünärli bolmak, käriňde kämilleşmek, ýoluňy dogry saýlamak bilen baglanyşykly durmuş kanunlarynyň hemmetaraplaýyn düşündirilýändigini, şunda ene-atanyň, halypanyň ornuna ullakan ähmiýet berilýändigini nygtaýar.

Kitapda şeýle setirler bar: Nesillerimizi ýetişdirmek bilen biz öz geljegimizi gurýarys.Bu meselede halypalaryň egnine juda mukaddes borç, edil şonuň ýaly hem, uly wezipe düşýär.Meniň bu ýerdäki halypalar diýýänim, ilkinji nobatda, ata-enelerdir, terbiýeçilerdir, mugallymlardyr, dürli ugurlardan öz işine ussat adamlardyr.

Ynha, şu parasatly sözler her bir mugallym, terbiýeçi, dürli ulgamlarda öz işine ussat işgärler üçin ruhlandyryjydyr. Şonuň üçinem şeýle sözleriň çuňňur many-mazmunyna düşünip, bu asylly ýörelgelere eýerýäris.

Goý, türkmen halkynyň kitaba bolan çäksiz söýgüsi nesillerimiziň mukaddes ýörelgelerine öwrülsin!

Aýjemal Baýramowa,

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň direktorynyň orunbasary.

Ýene degişli makalalar

Berkarardyr Ýaşyl tugly Watanym
Magtymguly, sözlerim saza goşsaň uz bolar
ÖMÜR DARAGTYNYŇ GÖZELLIGI
Lukman gelinlik atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi bolar
Howa arkaly energiýa geçirer
Halkara tans güni