Maorileriň Patyşasy läheňler bilen adamlaryň hukuklaryny deňleşdirmäge çagyrdy

Maorileriň Patyşasy läheňler bilen adamlaryň hukuklaryny deňleşdirmäge çagyrdy

Oturymly täze zelandiýaly maori halkynyň Patyşasy Tuheitia Potatau Te Ferofeoro VII deňiz läheňleriniň (kitleriniň) hukuklaryny adamlaryň hukuklary bilen deňleşdirmäge çagyrdy. Bu barada Voxy portaly habar berdi diýip, Izwestiýa ýazýar.

Munuň üçin patyşa Wakaputanga Moana (ummany goramak) atly resminama gol çekdi. Onda läheňleriň şahslarynyň bardygy bellenip, olary görnüş hökmünde goramak, kitlere şahsyýet hukuklaryny bermek teklip edilýär.

Biziň düýpbabamyzyň aýdym sesleri barha ysgyndan gaçýar, onuň ýaşaýan ýeri-de howp astynda, şonuň üçin bize ony goramak üçin hereket etmek gerek diýip, Patyşa aýtdy.

Tuheitia Potatau Te Ferofeoro VII sözlerine görä, läheňler oturymly halklar bilen garyndaşdyr, olaryň ruhy barlygy we durmuş güýji bar. Şonuň üçin olar islän ýerinde ýüzüp, özboluşly medeniýetini aňladyp bilerler.

Ýene degişli makalalar

AŞGABAT AZIADASYNYŇ REKORDLARY
Gurjak teatry täze möwsümde Arşyn mal alany“ görkezdi
Hytaýyň çagalar edebiýaty
Hindistanda Polisiýa ulagyna hüjüm guraldy