Maradonanyň butsusy janköýerleriniň ýüzlenmesi bilen kosmosa uçurylar

Maradonanyň butsusy janköýerleriniň ýüzlenmesi bilen kosmosa uçurylar

Maradonynyň butsusy Älem ýylany hemrasynyň bortunda janköýerleriň ýüzlenmeleri bilen bilelikde kosmosa ugradylar diýip, AFP agentligi ýazýar.

Bellenilişi ýaly, bu pikir hususy sport kompaniýasyna degişli.Ol futbol janköýerleriniň ýüzlenmelerini özbaşdak ýazga geçirdi. Ýüzlenmeler birnäçe aýyň dowamynda toplanar, soňra ähli faýllar kompilirlenip, hemranyň gaty diskine ýerleşdiriler.

Täsin ýeri, hemra goýlan at Maradonanyň hormatyna dakyldy. Ýaş wagty adybelli argentinalynyň "Älem ýylany" diýen lakamy bar eken.Maradonanyň 2020-nji ýylyň noýabrynda 60 ýaşynyň içinde dünýäsini täzeländigini ýatladýarys.

Futbolçy ötüşen ýürek ýetmezçiligi sebäpli öýkeninde dörän ýiti çişden ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

Peläniň aradan çykmagy
TEKNOFEST Fransiýanyň metbugatynyň gün tertibinde
Volvo Cars Ýewropanyň awtoöndürijiler assosiasiýasyny terk edýär
Sudanda tire-taýpa çaknyşygy onlarça adamyň ölmegine we ýaralanmagyna sebäp boldy
Demirgazyk Koreýanyň 2 ganatly rekatany uçurandygy mälim edildi
ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda müňlerçe adamyň göçürilmegi we mekdepleriň ýapylmagy