Volvo Cars Ýewropanyň awtoöndürijiler assosiasiýasyny terk edýär

Volvo Cars Ýewropanyň awtoöndürijiler assosiasiýasyny terk edýär

Şwesiýanyň Volvo Cars awtomobil kompaniýasy Ýewropanyň awtoöndürijiler assosiasiýasynyň (ACEA) düzüminden çykmak kararyna geldi we şeýlelik bilen, Ýewropa Bileleşiginiň 2035-nji ýyldan benzin we dizel hereketlendirijileri bolan awtomobilleriň satuwyny gadagan etmek baradaky meýilnamalaryna garşy çykýan Ýewropadaky pudaklaýyn lobbi bilen ylalaşmaýandygyny görkezdi. Bu barada kompaniýanyň beýanyna salgylanyp, Agence France-Presse (AFP) habar beýär. Muny TASS ýetirýär.

Agentlik 2030-njy ýyldan başlap diňe elektrik awtomobilleri öndürmegi meýilleşdirýän Volvo Cars kompaniýasynyň ýylyň ahyryna çenli ACEA-dan gitmekçidigini mälim eden Stellantis awtokonserniniň göreldesine eýerýändigini belleýär. Şol bir wagtyň özünde, Stellantis 2030-njy ýyldan Ýewropada diňe elektromobilleri satjakdygyny aýtsa-da, onuň sebäbi barada resmi taýdan habar bermedi.

Häzirki wagtda ACEA-nyň düzümine 16 awtoöndüriji girýär, olaryň arasynda BMW, Ferrari, Ford, Honda, Jaguar Land Rover, Mercedes-Benz, Renault, Volkswagen bar.Agentligiň belleýşi ýaly, Ýewropada uly lobbi gurluşy bolan bu assosiasiýa iýun aýynda Ýewroparlament tarapyndan tassyklanan Ýewrokomissiýanyň 2035-nji ýyldan içerki ýangyç hereketlendirijili täze awtomobilleriň satuwyny gadagan etmek baradaky meýilnamasyna düýbünden garşy çykdy.

Aýratynam, ol hem içerki ýangyç hereketlendirijisi, hem elektrik hereketlendirijisi bolan gibrid awtomobilleri bazara ornaşdyrmak isledi.

http

Ýene degişli makalalar

“Fortune” ilkinji gezek Ýewropa kompaniýalarynyň sanawyny düzdi
Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
Türkmenistan Russiýadan taýýar agaç önümlerini satyn alýar
Ýewropa ýurtlaryna Koronanyň täze tolkuny bilen ýüzbe-ýüz bolmak barada duýduryş
ÝB 110 Müň Doza Maýmyn Mama Sanjymyny Alar
Toyota ýene-de önümçiligini azaldýar