Mark Tweniň mülki satlyga çykaryldy

ABŞ-da Mark Tweniň (1835-1910) fermaly mülki satuwa çykaryldy.Ol Konnektikut ştatynda ýerleşip, 7 gektardan gowrak meýdany eýeleýär.Bu fermaly mülki 1, 85 million dollara satyn almak mümkin diýip, “ABC News” habar berýär.

Mark Twen bu mülki 1860-njy ýylda satyn alyp, öz kiçi gyzynyň hormatyna “Jean’s Farm” ýagny, “Jeýniň fermasy” diýip at goýýar.Fermaly mülküň ähli otaglary abatlanyp, binanyň taryhy keşbi ýaňadandan dikeldilipdir.Amerikan ýazyjysy Mark Twen “Tom Soýeriň başdan geçirenleri” we onuň dowamy bolan “Geklberri Finnanyň başdan geçirenleri” romanlary bilen bütin dünýäde bellidir.

Bu eserler tankytçylar tarapyndan Mark Tweniň döredijiliginiň naýbaşy eserleri hasaplanýar. Ýazyjy bu eserlerini 10 ýylyň dowamynda döreden eken.Twen bu kitabynda ilkinji gezek amerikan edebiýatynda gepleşik dilini girizipdir.Mark Twen ýazyjy we žurnalist hökmünde giňden tanalyp ugrandan soňra, uzak wagtlap ýaş zehinleriň gözleginde bolup, olara edebiýat meýdanynda ösüş gazanmaga ýardam beripdir.

Ýene degişli makalalar

Edebiýat dost doganlyk köprüsi” bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
Persiwal Ewerettiň “Jeýms” romany dünýäni haýran galdyrýar
Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşyň ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazandylar
Türkmenistanda emeli aň tehnologiýalaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
"Türk dili medeniýetiň we şahsyýetiň eýeçiligidir"
Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşynyň ýeňijileri Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşdiler