“DeepSeek” “Nvidia”-dan täze çiplerini satyn alar

Hytaý özüniň emeli aň ulgamyndaky öňdebaryjy startapy bolan DeepSeek kompaniýasyna Nvidia H200 çiplerini satyn almaga rugsat berdi, emma şertnamanyň gutarnykly şertleri häzirki wagtda gepleşikler tapgyrynda durýar. Bu barada ýagdaýdan habarly iki sany çeşmä salgylanyp, Reuters agentligi habar berýär.

Agentlik mundan ozal hem öz çeşmelerine salgylanyp, Hytaýyň ByteDance, Alibaba we Tencent ýaly kompaniýalarynyň jemi 400 000-den gowrak H200 çipini satyn almaga rugsat alandyklaryny habar beripdi.

Çeşmeleriň maglumatyna görä, Hytaýyň Senagat we söwda ministrligi ady agzalan dört kompaniýanyň hemmesine rugsat berdi, emma şertleriň entek anyklanyljakdygyny we gutarnykly belleniljekdigini bildirdi. Şeýle-de, Hytaýyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrligi, Söwda ministrligi we Milli ösüş hem-de reformalar komissiýasy bu baradaky soraglara jogap bermekden saklandylar.

Hytaýly kompaniýalaryň uly islegine we ABŞ-nyň eksport rugsadyna garamazdan, Pekin bu önümleriň ýurda getirilmegini tassyklamakda howlukmaýar. Şu aýyň başynda ABŞ Nvidia kompaniýasynyň H200 wideo kartasyny uly isleg bildirilýän Hytaý bazaryna satmagyna resmi taýdan rugsat beripdi. Emma satuwa rugsat bermek baradaky gutarnykly karar Hytaýyň häkimiýetleri tarapyndan kabul ediler.

Ýene degişli makalalar

16 ýaşynda dünýä çempiony boldy
Iň köp girdeji getirýän applikasiýalar
Dünýäniň has ösen innowasion banklary
Tramp Hytaýyň 8 sany ykjam töleg programmasyny gadagan etdi
Tramp ABŞ-da 8 hytaý programmasyny, şol sanda "Alipay"-i ulanmagy gadagan etdi
Dünýäniň iň gymmatly brendleri