Tramp Hytaýyň 8 sany ykjam töleg programmasyny gadagan etdi

Tramp Hytaýyň 8 sany ykjam töleg programmasyny gadagan etdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Hytaýyň ykjam enjamlar arkaly töleg geçirmekligi hödürleýän 8 programmasynyň amallaryny gadagan edýän Prezidentiň kararyna gol çekdi.

"Ak tam" köşgüniň ýazmaça beýanyna görä, şu gün gol çekilen kararda Tramp Söwda ministrliginden ABŞ-daky Ant toparyna degişli Alipaýy-da öz içine alýan 8 sany ykjam töleg programmasynyň amallarynyň gadagan edilmegini isledi.

"CamScanner", "QQ Wallet", "SHAREit", "Tencent QQ", "VMate", "WeChat Pay" we "WPS Office" programmalary baradaky karardan soň, Söwda ministrliginiň Alipaý bilen birlikde hereket etmekligi üçin 45 gün berildi.

Beýleki tarapdan, Amerikanyň metbugatynda berilýän habarlarda, ygtyýarlyk möhleti 20-nji ýanwarda gutarýan Tramp administrasiýasynyň bu seneden öň degişli amallary gadagan etmeklik üçin çäre görjekdigi nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Tramp ABŞ-da 8 hytaý programmasyny, şol sanda "Alipay"-i ulanmagy gadagan etdi
Dünýäniň iň gymmat 100 brendi belli boldy
Bank kartyny döreder
Galtaşyksyz töleg tehnologiýasy
Elektron gapjygyny kämilleşdirýär
Türkmenistandaky rus raýatlary RF-niň prezident saýlawyna gatnaşdy