Tramp ABŞ-da 8 hytaý programmasyny, şol sanda "Alipay"-i ulanmagy gadagan etdi

Tramp ABŞ-da 8 hytaý programmasyny, şol sanda "Alipay"-i ulanmagy gadagan etdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp sekiz sany hytaý programmasynyň tranzaksiýasyny gadagan edýän karara gol çekdi. Prezidentiň administrasiýasy bu programmalar hytaý häkimiýetleri tarapyndan "federal işgärleriň ýerleşýän ýerini yzarlamak we raýatlar barada şahsy maglumatlary toplamak" üçin ulanylyp bilinjek ulanyjylaryň şahsy maglumatlaryna aralaşyp biler diýip hasaplaýar. Bu barada INTERFAX.RU habar berýär.

Bu ýagdaýyň Hytaý bilen söwda edýän amerikan halkara kompaniýalarynyň arasynda nägilelige sebäp bolup biljekdigi bellenildi, sebäbi programmalar çalt ösýän bazarda ýer almak üçin juda möhüm bolup durýar.Sekiz sany hytaý programmasyny gadagan etmek hakyndaky buýrukda milliarder Jek Ma we onuň "Ant Group Co." kompaniýasynyň eýeçiligindäki töleg platformasy bolan "Alipay" bar.

Mundan başga-da, bu karar Hytaýyň internet ägirdi Tencent Holdings Ltd - WeChatPay, QQWallet, Tencent QQ, Camscanner, SHAREit, şeýle hem Vmate we WPS Office ýaly az tanalýan programmalara hem degişlidir. “Alipay” we “WeChat” Hytaýda we başga-da birnäçe ýurtda giňden ulanylýar, ýöne ABŞ-da gaty bir meşhur däl.

Mysal üçin, “Sensor Tower Inc.” analitik firmasynyň maglumatlaryna görä, “Alipay” geçen ýyl ABŞ-nyň “App Store” dükanynda we “Google Play”-de bary-ýogy 207,000 gezek ýüklenip alnypdyr. “WeChat Pay” hyzmatyny öz içine alýan “WeChat” programmasyny göçürip alýanlaryň sany bolsa 1,6 milliona ýetipdir. Ýükläp almak boýunça öňdebaryjy - geçen ýyl Trampyň gadagan eden programmalarynyň biri - Şanhaýyň "INTSIG Maglumat Co." kompaniýasyna degişli skaner hyzmaty Camscanner boldy.

Ol 4,4 million gezek ýüklenip alnypdyr.Bu karar ýene 45 günden - Tramp eýýäm Ak tamy terk edenden soň güýje girer.Prezidentlige saýlanan Jo Baýdeniň geçiş toparynyň işgäri şu wagta çenli täze karar barada maglumat bermekden saklandy.

Ýene degişli makalalar

Tramp Hytaýyň 8 sany ykjam töleg programmasyny gadagan etdi
Dünýäniň iň gymmat 100 brendi belli boldy
Türkmen kibersportçylary PUBG Mobile, eFootball 24 hem-de Tekken 7 boýunça çempionlyk üçin bäsleşerler
16 ýaşynda dünýä çempiony boldy
Iň köp girdeji getirýän applikasiýalar
Dünýäniň has ösen innowasion banklary