Iň köp girdeji getirýän applikasiýalar

Smartfonlarda dürli maksatlar bilen ulanmaga niýetlenen programmalaryň müňlerçesi bar.Olaryň köpüsi güýmenje maksady bilen taýýarlanan bolsa, ençemesi has peýdaly zatlar üçin ulanylýar.Dünýäniň iň köp göçürilýän we girdeji getirýän applikasiýalary baradaky maglumatyň geçen ýylkysy ýaýradyldy. “Sensor Tower” şereketiniň ýaýradan maglumatlarynda 2018-nji ýylda iň köp girdeji getiren mobil applikasiýalarynyň arasynda ilkinji orny alan “Netflix” media platformasy 964 million dollar gazanypdyr.

Ikinji basgançakda wideo görmäge mümkinçilik berýän “Tinder” bar. “Tencent Video” we “YouTube” applikasiýalary hem degişlilikde üçünji hem-de dördünji orunlary eýeleýär. “YouTube” geçen ýyl webdäki işjeňligini mobil enjamlarda hem gazanypdyr. “App Store” we “Google Play” arasynda programmalaryň göçürilip alynmagynyň we girdejisiniň arasynda tapawut az däl. “App Store”-da seriýala we filme tomaşa etmäge mümkinçilik berýän “Netflix”-den başga-da ilkinji onluga giren başga bir media platformasy bolan “Hulu” hem bar. “App Store-da “Tencent Video”, “Tinder”, “iQIYI”, “Kwai”, “YouTube”, “Pandora”, “Youku” we “QQ” ýaly programmalar bar. “Google Play Store”-da bolsa, “Tinder” öňdeligi eýeleýär.

Bu platformada “Google Drive” “Pandora”, LINE, BIGO LIVE, “Netflix”, “Azar”, “KakaoTalk”, “LINE Manga” we “Google One” ilkinji onluga giripdir.Iň köp göçürilen programmalaryň arasynda “WhatsApp”, “Messenger” we “Facebook” öňdeligi eýeleýär.

Ilkinji onlukdaky applikasiýalaryň köpüsi “Facebook”-a degişli. “TikTok”, “Instagram”, “UC Browser”, “SHAREit”, “YouTube”, “Snapchat” we “Vigo Video” ilkinji onlugy düzýär.

Ýene degişli makalalar

Täze film
“Troýa” filminiň režissýory aradan çykdy
Türkmen kibersportçylary PUBG Mobile, eFootball 24 hem-de Tekken 7 boýunça çempionlyk üçin bäsleşerler
16 ýaşynda dünýä çempiony boldy
Dünýäniň has ösen innowasion banklary
Tramp Hytaýyň 8 sany ykjam töleg programmasyny gadagan etdi