W.Putin Türkmenistan bilen howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk şertnamasyny tassyklamak hakynda kanuna gol çekdi

W.Putin Türkmenistan bilen howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk şertnamasyny tassyklamak hakynda kanuna gol çekdi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin “Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada Ylalaşygy tassyklamak hakynda” Kanuna gol çekdi diýip, ТАSS habar berýär.

Resminama RF-iň hukuk maglumatlarynyň resmi portalynda neşir edildi. Ýatlap geçsek, bu Kanun Döwlet dumasy tarapyndan 2020-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda kabul edildi we Federasiýa Geňeşi tarapyndan 2020-nji ýylyň 3-nji noýabrynda makullanyldy.

Türkmenistanyň Mejlisi resminamany 24-nji oktýabrda tassyklady.Resminamada ýurtlaryň parahatçylygy berkitmek, Merkezi Aziýada we tutuş dünýäde durnuklylygy we howpsuzlygy ýokarlandyrmak maksady bilen özara gatnaşyk etjekdikleri bellenilýär.Bu hyzmatdaşlygyň çäginde taraplar “ählumumy ýaragsyzlanmak we köpçülikleýin howpsuzlygy güýçlendirmek işini dowam etdirmäge, şeýle-de BMG-niň parahatçylygy goraýyş wezipesini güýçlendirmäge we sebit mehanizmleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berip, öz daşary syýasatlaryny utgaşdyrmak” borjuny öz üstüne alýarlar diýlip, resminamada aýdylýar.

Umuman alanyňda, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda özara gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny öz içine alýan 170-den gowrak şertnama gol çekildi.

Ýene degişli makalalar

RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTI W.PUTINIŇ TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI S.BERDIMUHAMEDOWYŇ ADYNA NOWRUZ BAÝRAMY MYNASYBETLI ÝOLLAN GUTLAG HATY
MOSKWA ŞÄHERINDE ÝEŇŞIŇ 80 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN ÝYGYNDYLARYŇ TANYŞDYRYLYŞY GEÇIRILDI
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ MEJLISINE GATNAŞDY
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ MEJLISINE GATNAŞDY
W.Putin öňki Prezidentiň eldegrilmesizligi baradaky kanuna gol çekdi
Tramp Hytaýyň 8 sany ykjam töleg programmasyny gadagan etdi