W.Putin öňki Prezidentiň eldegrilmesizligi baradaky kanuna gol çekdi

W.Putin öňki Prezidentiň eldegrilmesizligi baradaky kanuna gol çekdi

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin täzelenen Konstitusiýa laýyklykda öňki döwlet baştutanyna we onuň maşgala agzalaryna kepillikler baradaky kanuna gol çekdi. Degişli resminama Hukuk maglumatlarynyň resmi internet portalynda çap edildi.

Kanuna laýyklykda, ygtyýarlyklaryndan peýdalanmagyny bes eden prezident jenaýat ýa-da administratiw jogapkärçilik çekmez, şeýle hem saklanyp, tussag edilip, barlanyp, soraga çekilip ýa-da şahsy gözden geçirilip bilinmez.Kanun öňki prezidentiň eldegrilmesizliginiň onuň ýaşaýan jaýyna we edara binasyna, ulaglaryna, aragatnaşyk serişdelerine, resminamalaryna we goş-golamlaryna, hat alyşmalaryna hem degişlidigini göz öňünde tutýar.

Mundan başga-da, öňki prezidenti eldegrilmesizlikden mahrum etmegiň tertibi Konstitusiýanyň kadalaryna (Konstitusiýanyň 93-nji maddasy) laýyklykda amala aşyrylýar.

Ýene degişli makalalar

RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTI W.PUTINIŇ TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI S.BERDIMUHAMEDOWYŇ ADYNA NOWRUZ BAÝRAMY MYNASYBETLI ÝOLLAN GUTLAG HATY
W.Putin Türkmenistan bilen howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk şertnamasyny tassyklamak hakynda kanuna gol çekdi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ MEJLISINE GATNAŞDY
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ MEJLISINE GATNAŞDY
Tramp Hytaýyň 8 sany ykjam töleg programmasyny gadagan etdi
Tramp ABŞ-da 8 hytaý programmasyny, şol sanda "Alipay"-i ulanmagy gadagan etdi