Marokkoda täze hökümet düzüldi

Marokkoda täze hökümet düzüldi

Marokkonyň Patyşasy Muhammet VI liberal we konserwator partiýalaryň koalisiýasyndan durýan we işewür-milliarder tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän täze hökümetiň düzümini belledi, bu hakynda “Maghreb Arabe Presse (MAP)” habarlar gullugy habar berdi.

Hökümet başlygy Aziz Ahannuşyň “Milli garaşsyzlaryň mitingi” partiýasyndan düzülen täze hökümet 24 ministrden ybarat, olaryň 7-si zenanlardyr.

Zenan ministlerden Nadýa Fetti Alaui öň turzim ministridi, indi ol täze hökümetde Marokkonyň maliýe ministriniň kürsüsine eýelik eder.

Ahannuş Marokkonyň iň baý adamlarynyň biri bolup, geçen aýda kanunçykaryjy edaralara geçen saýlawlarda onuň partiýasy öňdeligi eýeledi. Ol yslam partiýasyna ýolbaşçylyk eden Saad Eddin El Osmanini çalyşdy.

Täze koalisiýa RNI we “Asyl nusgalylyk we häzirki zaman” hem-de “Istiklýal” konserwatiw partiýalary girýär.

Marokkoda doly häkimiýetlilik korola degişlidir. Muhammet VI 8-nji sentýabrda Ahannuşy hökümet başlygy wezipesine belläp, oňa täze Ministler Kabinetini düzmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Marokko orta asyr mähellelerini abatlamak üçin 800 million dollar sarp etdi
Ilki Kameruny, soňra Nigeriýany ýaryşdan çykardy
Türkmenistanyň Prezidenti Marokkonyň Patyşasyny Tagta geçmek güni bilen gutlady
Marokkoda aşa yssy howa sebäpli 21 adam ýogaldy
Türkiyäniň ary bal eksporty artdy
Orta asyr mähellelerini abatlamakçy
Türkmenistanyň Prezidentine daşary ýurtly kärdeşlerinden gutlag hatlary gelip gowuşdy