Marsyň iň dury suraty düşürildi

ABŞ-nyň Aerokosmos edarasynyň (NASA) “Perseverance” marsahody Gyzyl planeta gondurylandan bäri onlarça surat aldy.Geçen ýylyň fewralyndan bäri Marsda dürli ylmy işleri etmekde ulanylýan enjam durulygy 2,5 milliard piksel bolan täze surat düşürdi.

Bu suratda Marsyň ýüzüni has anyk görüp bolýar.Panorama şekilli suratda gaýalyklary, depeleri we dik uçurymlar bar.Suratyň has irki döwürlerde derýanyň we kölüň guran hanasynyň golaýynda düşürilendigi mälim edildi. Ýokary durulykdaky suratyň göwrüminiň 3,85 gigabaýtdygy mälim edildi.Alty tigirli “Perseverance” roboty 2020-nji ýylda uçurylyp, 7 töweregi wagtdan soňra 2021-nji ýylyň fewralynda Gyzyl planeta gondurylypdy. Ýany bilen kiçi göwrümli dikuçar hem goýberilen “Perseverance” Marsda ýaşaýşyň alamatlaryny gözlemek maksady bilen ulanylýar.

Göwher Begmatowa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumyny açdy, Arkadag şäherinde bilim edaralarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy, täze metbugat-sekretaryny wezipä belledi we beýleki habarlar
NASA başga planetalylar üçin niýetlenen nyşanyň dizaýnyny tanyş etdi
Mars Günüň aňrysynda “bukuldy”
Adamlar zerarly Marsda takmynan 7,12 tonna kosmiki zyňyndy toplanypdyr
Olimpiýa alawy Fransiýa eltildi
Aşgabatda polýak aýdymçysy bilen duşuşyk geçirildi