Martin Furkad karýerasyny tamamlady

Fransiýaly meşhur biatlonçy Martin Furkad özüniň sport ýoluny tamamlandygyny habar berdi.Ol soňky Dünýä Kubogynda ýekeleýin we sprint ýaryşlarynda 1-nji ýeri eýelese-de, umumylykda, norwegiýaly Ýohannes Tingnes Býodan yza galyp, 2-nji orny eýeledi.

Bu 31 ýaşly türgeniň soňky bäsleşigi boldy. 1988-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Fransiýanyň Perpinýan diýen ýerinde dünýä inen Furkad 2002-nji ýyldan bäri biatlon bilen meşgullanyp gelýär. 2006-njy ýyldan başlap halkara ýaryşlara gatnaşyp başlan Furkad Olimpiýa oýunlarynda 5 altyn, 2 kümüş, jemi 7 medal gazanýar.

Onuň Dünýä çempionatlarynda gazanan medallarynyň sany 28-e deňdir. 13 altyn, 10 kümüş, 5 bürünç medal alan Furkad bu ugurda norwegiýaly Ole Eýnar Býorndalenden soň, 2-nji hatarda barýar.

Ussat biatlonçy Dünýä Kubogy ýaryşlarynda-da ýokary netije görkezip, ol yzly-yzyna 7 kristal globus almagy başardy.Başgaça aýdylanda, bassyr 7 gezek Dünýä Kubogynyň ýeňijisi bolan Furkad bu ugurda rekordyň eýesidir.

Ýene degişli makalalar

23.12.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti “Haldor Topsoe” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Dünýäniň ýeke-täk desgasyna ýokary sylaglar
“Liwerpul” ýeňlişsiz dowam edýär
Sportuň taryhynda bu hepde
Bäş ýyldan soň çempion üýtgeýär
Bäş ýyldan soň çempion üýtgeýär