Martin Skorzese hormatly Altyn aýy baýragyny aldy

Martin Skorzese hormatly Altyn aýy baýragyny aldy

Amerikaly režissýor, prodýuser we ssenariçi Martin Skorzese 74-nji Berlin halkara kinofestiwalynda kino sungatynda bitiren hyzmatlary üçin hormatly Altyn aýy baýragy bilen sylaglandy diýip, MIR 24 ýazýar.

Dabarada 81 ýaşly režissýory hormatlap, 25 minutlap el çarpdylar. Şol pursatlarda sahnada onuň filmlerinden parçalar görkezildi. Germaniýaly režissýor Wim Wenders çykyşynda Skorzesäni tomaşaçylara täsin kino syýahatyny peşgeş beren brend diýip atlandyrdy. Bu barada Hollywood Reporter ýazýar.

Martin Skorzesäniň iň belli işleriniň arasynda Nýu-Ýork, Nýu-Ýork, Guduz öküz, Nýu-Ýorkuň toparlary, Awiator, Nälet siňenleriň adasy, Uoll-stritli möjek ýaly filmler bar.

Ýene degişli makalalar

Hukuk toparlary, ýerli ýaşaýjylar hukuk goragçysynyň zor bilen hassahana ýerleşdirilmegini ýazgarýar
Rybakina möwsümi jemledi
“Barselona” 10 oýunda 33 gol geçirdi
“Serie A”-da öňdebaryjy toparlaryň iň kiçi hasaply ýeňişleri
Messiden 3 gol, 2 asist
Ilkinji mikrotolkunly peç
Aratapawut 10 utuga düşdi