Mary DES-de 14 milliard kilowat sagada golaý elektrik energiýasy öndürildi

Mary DES-de 14 milliard kilowat sagada golaý elektrik energiýasy öndürildi

Mary döwlet elektrik stansiýasynda häzirki wagtda bir gije-gündiziň dowamynda 45 million kilowat sagat elektrik energiýasy öndürilýär. 2023-nji ýylda stansiýada 13 milliard 874 million 532 müň 839 kilowat sagat elektrik energiýasy öndürildi. Netijede ýyllyk ösüş depgini 100,9 göterime deň boldy diýlip, Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, öndürilýän elektrik energiýasy içerki sarp edijiler bilen birlikde, Eýrana, Özbegistana hem ugradylýar.

Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde umumy kuwwaty 1574 MWt bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän kuwwatly elektrik stansiýasynda öňdebaryjy kompaniýalaryň täze mikroprosessor dolandyryş ulgamlarynyň oturdylmagy energiýany diňe bir öndürmek bilen çäklenmän, ony saklamaga, uzak aralyklara geçirmäge, tehnologik çykdajylary azaltmaga-da ýardam berýär diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

26-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ýadro güýç milli energiýa howpsuzlygynyň açarymy?
Ýaponiýada dünýäniň iň uly suwüsti ýel turbinasy gurlar
Ýewropanyň iň uly energiýa saklaýyş desgasy işe girizildi
Braziliýada iri Gün bekedi gurlar
Dünýäniň iň uly tolkun elektrik bekedi gurlar
Nemes kompaniýasy Angliýada Gün energiýa bekedi gurar