Mary welaýatyndaky maldarçylyk hojalygynda 1500 tonna golaý meýdan oty taýýar edildi

Mary welaýatyndaky maldarçylyk hojalygynda 1500 tonna golaý meýdan oty taýýar edildi

Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň Çemenabat maldarçylyk hojalygynda häzire çenli 1453 tonnadan gowrak meýdan oty taýýarlanyp, dowarlaryň gyşladyljak öri meýdanlaryna eltilip goýuldy diýip, Jeyhun.news Bereketli toprak gazetine esaslanyp habar berýär.

Bu hojalykda öňümizdäki gyş pasly üçin 2 müň 643 tonna ätiýaçlyk ot goruny taýýarlamak meýilleşdirilipdir. Şu günler alnyp barylýan işleriň depgini ot taýýarlaýjylaryň bu wezipäniň hötdesinden geljekdiklerinde habar berýär.

Mary welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň maldarçylyk hojalyklarynyň ählisinde hem döwlet eýeçiligindäki mallar üçin gyş döwrüne niýetlenip, ätiýaçlyk ot goruny taýýarlamak işi guramaçylykly alnyp barylýar. Bu derwaýys işe ýeterlik adam güýji we tehnika çekildi. Ýöriteleşdirilen ot-iým taýýarlaýjylar toparlary döredildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
A.S. Puşkin adyndaky teatr barada monologlar: sahnanyň aňrysyna gezelenç
A.S. Puşkin adyndaky teatr barada monologlar: sahnanyň aňrysyna gezelenç
Türkmen tebigatynyň gözellik dünýäsine syýahat: Sarygamyş köli
Daşoguzdaky Serdar pagta egriji fabriginde şu ýyl 1220 tonna nah ýüplük öndürildi
Zenanlar näme sebäpden güli halaýar?
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy