Maryda býujet işgärlerinden 'pagta ýygymyna gitmeýändigi' barada dilhaty alynýar

Maryda býujet işgärlerinden 'pagta ýygymyna gitmeýändigi' barada dilhaty alynýar

Şu günler Türkmenistanyň dürli sebitlerinde pagta ýygymy möwsümi we munuň bilen baglylykda býujet işgärleriniň gowaça meýdanlaryna mejbury alnyp gidilmegi dowam edýär.Bu mejbury çäräniň arasynda, Mary welaýatynyň kanun goraýjy edaralarynyň işgärleri döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerinden "pagta ýygymyna gitmeýändigi" barada dilhaty alýarlar.

Bu aralykda, häkimiýetler heniz pagta hasyly we gowaça çöpleri doly ýygylyp alynmadyk gowaça meýdanlarynda güýzlük bugdaý ekişine bat berýärler.Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.

"Organ işgärleri býujet işgärleriniň her birinden pagta ýygymyna gitmeýändigi barada dilhaty aldylar. Muny ähli edaralaryň işgärleri tabşyrdy" diýip, maryly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Habarçymyz işgärlerden dilhaty alnandan soň, edara-kärhanalaryň tas ählisinde ýygnaklaryň geçirilendigini, bularda pagta ýygymyna gatnaşmakdan ýa-da ýygym üçin pul goşmakdan ýüz öwren işgärleriň işden çykarylmak bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigi duýduryldy.

"Býujet işgärleri indi pagta ýygymyna gatnaşjak däldigi ýa-da gatnaşdyrylýandygy barada hiç ýere şikaýat edip bilmeýärler.Sebäbi bu dilhaty olara böwet bolýar. Şeýle-de, organ işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen ýygnaklarda işgärler ýygym üçin pul bermekden ýüz öwürse, onda şol edaranyň ýolbaşçysynyň işgäriň üstünden raport ýazyp bilýändigi hem aýdyldy.

Bu raportda 'işgäriň döwlet tarapyndan geçirilýän köpçülikleýin syýasy çäreden ýüz öwürýändigi" barada görkezme beriljekdigi we munuň 'işgäriň işini ýitirmegine sebäp bolup biljekdigi' duýduryldy" diýip, welaýat prokuraturasyndaky çeşmämiz habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri pagta hasylyny ýygnap almakda döwrebap kombaýnlaryň ulanylýandygyny tekrarlasalar-da, Azatlygyň habarçylary ýurduň dürli sebitlerinde býujet işgärleriniň mejbury pagta ýygymyna köpçülikleýin çekilýändigini ýa-da olardan ýygym üçin pul toplanýandygyny awgust aýyndan bäri yzygiderli habar berýärler.

Marydaky habarçymyz şu günler her edaradan, kärhananyň işgär sanyna görä, 50-100 adamyň pagta ýygymyna iberilýändigini ýa-da işgärlerden "hakyna tutma işçiler" üçin pul toplanýandygyny aýdýar.

"Edara işgärleri gowaça meýdanlaryna gündelik we ýatymlaýyn iberilýär ýa-da olar özlerine derek pagta ýygjak işçiler üçin pul töleýärler.Hakyna tutma işçileriň eline 20 manat tölenýär. Ýöne edara ýolbaşçylary işgärlerden 40 manat ýygnap alýar.

Pandemiýa döwründe saglyk işgärlerinden pagta ýygymy üçin artykmaç pul ýygnalmaýardy. Ýöne bu ýyldan ýagdaý ýene öňküsi ýaly boldy.Saglyk işgärleri hem mejbury pagta ýygymyna gatnaly ýa-da pul bilen goşant goşmaly bolýarlar" diýip, býujet işgäri aýtdy.

Bu aralykda, habarçymyz häkimiýetleriň welaýatyň heniz pagta hasyly we gowaça çöpleri doly ýygylyp alynmadyk gowaça meýdanlarynda güýzlük bugdaý ekişine bat berýändigini habar berýär.

"Mary welaýat häkimi ähli etrap häkimleri bilen ýygnak geçirip, bugdaý ekişine başlamagy buýurdy.Etraplarda entäk gozalary doly açylyp ýetişmedik pagta meýdanlaryna traktorlar girip, pagta meýdanlaryny sürmäne başladylar.

Gowaçany duran ýerinde goparyp, döwüp bir gyra ýaplap barýar hem bugdaý ekip barýar.Kärendeçi daýhanlar 'gowaçamyzyň her birinde açylmadyk azyndan 5-7 sany goza bar, goza açylar ýaly derman sepip, 5-6 günden kombaýn salyp, bolanja pagtany ýygnap alyp, soň bugdaý ekseňiz bolardy.

Biziň tabşyrýan pagtamyzyň agramy köpelip, girdejimiz hem köp bolardy' diýýärler" diýip, maryly kärendeçi anonimlik şertinde aýtdy.

Habarçymyz güýzlük bugdaý ekişi üçin pagta meýdanlary sürlen kärendeçileriň gowaça çöplerini, açylman galan gozalary we pagtalary ýygnap almaga howlukýandygyny hem aýdýar.

"Üç-dört güne galman, bugdaýy gögeriş suwuna tutarlar. Şonuň üçin gowaça çöplerini tizden-tiz ýygnap almasak, ählisi suwa çümer. Biz gowaça çöplerini odun deregine ulanýarys ýa-da odun edip ulanýanlara satyp, çykdajylarymyzy ýapmana synanyşýarys. Ýöne muny üç-dört günüň dowamynda ýygnap ýetişjegimiz gümana" diýip, kärendeçi sözüne goşdy.

Bu maglumatlar prezident Serdar Berdimuhamedowyň "bugdaý ekişiniň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny" aýtmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Döwlet baştutany 25-nji oktýabrda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna we welaýat häkimlerine ýüzlenip, bugdaý ekişi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy hem taşbyrdy.

Soňky iki hepdäniň dowamynda hökümet maslahatlarynda ýurtda pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, şeýle-de bugdaý ekişiniň depginini güýçlendirmek meseleleri ençeme gezek maslahat edildi. Prezident bu işleriň depginine nägilelik bildirdi.

Türkmenistanda berk döwlet gözegçiligi astynda saklanýan pagta we galla önümçilikleri ýurduň oba hojalyk pudagynyň esasy özenleri hasaplanýar.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän halkara guramalar Türkmenistanyň hökümetini pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda berk tankyt edýärler. Türkmen hökümeti tankytlara resmi reaksiýa bildirmeýär.

Bu ýyl Türkmenistanda 580 müň gektar meýdandan 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny we 2023-nji ýylda 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Pagta borçnamasyny ýerine ýetiren Balkan welaýatynda býujet işçileri ýygyma çekilýär
Býujet işgärleri teatrlaryň sahna oýunlaryna bilet satyn almaga we tomaşaçy bolmaga mejbur edilýär
Baýramalynyň maýyp çagalar üçin mekdebiniň işgärleri çärelere gatnaşmazlygy gazandylar
Türkmenabatda jemgyýetçilik transportynyň amatsyzlyklary ýerli ýaşaýjylaryň gatnawyny kynlaşdyrýar
Polis 'yrsgaly' para çözgüdine uýýan ýaşlary köpeldýär
Azatlygyň mejbury ýygym baradaky maglumatlarynyň yz ýany, Maryda býujetçileriň we talyplaryň bu işlere çekilmegi ýatyryldy