Azatlygyň mejbury ýygym baradaky maglumatlarynyň yz ýany, Maryda býujetçileriň we talyplaryň bu işlere çekilmegi ýatyryldy

Azatlygyň mejbury ýygym baradaky maglumatlarynyň yz ýany, Maryda býujetçileriň we talyplaryň bu işlere çekilmegi ýatyryldy

Mary welaýatynyň häkimiýetleri býujet işgärleriniň we talyplaryň ählisiniň mejbury pagta ýygymyna gatnaşmakdan, öz deregine hakyna adam tutmakdan we pul tabşyrmakdan boşadylýandygyny yglan etdiler. Bu waka, sebitde mejbury pagta ýygymynyň ozal görlüp-eşidilmedik derejede güýçlendirilendigi barada Azatlyk Radiosynyň yzygiderli çap eden maglumatlarynyň yz ýanyna gabat geldi. Bu aralykda, býujet işgärleriniň ençemesi munuň wagtlaýyn kabul edilen karar bolmagyndan aladalanýar.

Azatlygyň sebitdäki habarçysynyň we çeşmeleriniň 18-nji sentýabrda beren maglumatyna görä, geçen hepdäniň ahyrynda welaýat häkimliginde uly ýygnak geçirildi.

“Bu ýygnakda ähli etrap häkimliklerine mundan beýläk talyplary we býujet işgärlerini, şol sanda mugallymlary, çagalar baglarynyň, sport mekdepleriniň we beýleki edaralaryň işgärlerini mejbury pagta ýygymyna äkitmezlik we olardan munuň üçin pul toplamazlyk berk tabşyryldy. Şeýle-de, häkimlere olary öz deregine adam tapmaga mejbur etmekden boşatmalyk hem berk tabşyryldy” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz aýtdy.

Ýygnakda ýeri kärendesine alan daýhanlaryň ýa-da telekeçileriň özleriniň pagta ýygymyny amal etjek adamlary tapmaga borçludygy hem berk nygtaldy.

Mundan ozal, türkmenistanlylaryň onlarçasy oba hojalyk işlerine, şol sanda gowaçanyň ideg işlerine we pagta ýygymyna çekilýän býujet işgärleriniň esasan sebitde telekeçilere, hususy daýhan hojalyklara geçirilen gowaça meýdanlarynyň ideg işlerine iberilýändiklerini gürrüň beripdi.

“Kärendeçi daýhanlaryň we telekeçileriň pagta ýygýan tehnikalary, şol sanda kombaýnlary öz hasaplaryna tutmalydygy hem aýdyldy” diýip, çeşmämiz belledi.

Bu waka halkara hukuk goraýjy toparlar tarapyndan pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda tankytlanýan Türkmenistanda, şol sanda Maryda mejbury pagta ýygymynyň ozal görlüp-eşidilmedik derejede güýçlendirilendigi barada Azatlygyň yzygiderli çap eden maglumatlarynyň yz ýanyna gabat geldi.

Habarçylarymyz awgustyň ortalarynda başlanan bu işlere býujet işgärleriniň, esgerleriň, käbir sebitlerde mekdep okuwçylarynyň hem mejbury çekilýändigini habar berip gelýärler. Geçen hepdäniň başynda bolsa, Maryda köçelerde düzgün bozanlar bilen bir hatarda, serhoşlar, dilegçiler, zibil dörýän raýatlar hem mejbury pagta ýygymyna köpçülikleýin çekilip başlandy.

Azatlyk býujet işgärleriniň we talyplaryň pagta ýygymyna gatnaşdyrylmakdan we hakyna adam tutmak üçin pul tabşyrmakdan boşadylýandygy baradaky karar we onuň häzirki wagtda kabul edilmeginiň mümkin sebäbi barada Marynyň häkimliginden resmi kommentariý alyp bilmedi. Munuň hemişelik ýa wagtlaýyn kabul edilen kararmy ýa däldigini hem anyklap bolmady.

Munuň bilen bagly, häzirki wagtda býujet işgärleriniň arasynda hem dürli pikirler orta atylýar. Köp býujetçi munuň wagtlaýyn kabul edilen karar bolmagyndan aladalanýar.

“Býujet işgärleriniň bir bölegi bu karara gaty begendi. Olar indi aýlygymyz gädilip durmaz, indi ak un satyn alyp, çagalarymyza pişme bişirip bileris diýýärler. Býujetçileriň ýene bir bölegi bolsa, pagta meýdanlary ellenmän galsa, onda özlerini gaýtadan bu işlere çekilip biljekdiklerini aýdyp, häkimiýetlere ynamyň ýokdugyny aýdýarlar” diýip, ýerli býujet işgärleriniň biri aýtdy.

Edara ýolbaşçylarynyň käbiri bolsa, çeşmelerimiziň tassyklamagyna görä, häkimiýetleriň bu çäresini 27-nji sentýabrda belleniljek Garaşsyzlyk baýramynyň we şu aýyň ahyrynda geçiriljek Halk maslahatynyň öňüsyrasynda ilaty “köşeşdirmek tagallalary” atlandyrýar.

“Näme üçin bu pagta ýygymyna girişilen badyna goýbolsun edilmän, gel-gel häzir edildi. [Häkimiýetler] adamlar birneme dem alsyn, soň ýene iki esse edip alarys diýýärlermi belli däl” diýip, çeşmämiz bir edara ýolbaşçysynyň sözlerini sitirledi.

Bu aralykda, habarçymyz şu günler gowaça meýdanlaryny kärendesine alan telekeçileriň ençemesiniň öň ýerleri elinden alnan daýhanlaryň öýlerine aýlanýandygyny hem habar berýär.

“Telekeçiler daýhanlardan öňki kärende ýerlerine näresmi ýagdaýda eýeçilik edip, ideg etmegi soraýarlar we olara girdejini deň ýarty paýlaşmagy wada berýärler. Ýöne daýhanlaryň köpüsi bu teklibe ýok’ diýip jogap berip, bu hyzmatdaşlyga indiki gowaça möwsüminden başlap biljekdigini aýdýar” diýip, habarçymyz belledi.

11-nji sentýabrda Marydaky habarçymyz Ýolöten etrabynda ýeri kärendesine alan telekeçileriň suw ýetmezçiliginden şikaýat edýändigini we şu ýyl bergili çykmakdan alada galýandygyny habar berdi.

Şeýle-de, geçen hepde Marydaky çeşmämiz uly göwrümdäki pagta meýdanlaryny kärendesine alan käbir telekeçileriň etrap häkimlikleri bilen gepleşikleri geçirýändigini, edara ýolbaşçylaryndan “ýaramaz häsiýetde” tanalýan işgärleri dürli bahanalar bilen pagta ýygymyna çekmek barada maslahat edýändigini aýtdy.

Halkara hukuk goraýjy toparlar, şol sanda Pagta kampaniýasy türkmen hökümetini pagta önümçiliginde mejbury zähmetden, şol sanda çaga zähmetinden peýdalanmakda ýyllarboýy tankyt edýärler. Häkimiýetler bu baradaky habarlara reaksiýa bildirmeýärler. Bu barada döwlet metbugatynda hem hiç hili mesele gozgalmaýar.

Türkmenistanda şu ýyl ýurt boýunça 580 müň gektar meýdandan 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny almak göz öňünde tutulýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Lebabyň häkimiýetleri ilaty agyz beklemäge, Arkadagdan görelde almaga’ çagyrýar
Aşgabadyň edara-kärhanalarynda ýygnaklar geçirilip, azygyň gymmatlamagynyň “adaty ýagdaýdygy” aýdylýar
Ýasama pirotehniki serişdeleriň, partlaýjy jisimleriň ulanylmagyna garşy wagyz işleri geçirilýär
Maryda ene-atalardan gyzlarynyň mejbury ginekologiýa barlagyna gatnaşmak talap edilýär
Türkmenistan GDA-nyň Synçylar toparynyň düzüminde Daşkentdäki metbugat maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary owgan meselesine bagyşlanan duşuşyga gatnaşdy