Türkmenistan GDA-nyň Synçylar toparynyň düzüminde Daşkentdäki metbugat maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistan GDA-nyň Synçylar toparynyň düzüminde Daşkentdäki metbugat maslahatyna gatnaşdy

Daşkent şäherinde Özbegistanyň Özbegistan Respublikasynyň Konstitusiýasy hakynda Konstitusion Kanunynyň taslamasy boýunça geçirilen referenduma GDA-nyň Synçylar toparynyň gözegçiliginiň jemleri boýunça metbugat maslahaty geçirildi. Metbugat maslahatyna Synçylar toparynyň başlygy bilen GDA-nyň Baş sekretary gatnaşdy diýip, UzDaily habarlar agentligi habar berýär.

Synçylar topary bu referendum kampaniýasyna 2023-nji ýylyň 12-nji aprelinde gözegçilik edip başlady.

Toparyň düzüminde Türkmenistana, Azerbaýjana, Ermenistana, Belarusa, Gazagystana, Gyrgyzystana, Russiýa, Täjigistana, Belarusyň we Russiýanyň Parlament Ýygnagy Bileleşigine, GDA agza döwletleriň Parlamentara Assambleýasyna we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine wekilçilik edýän 95 synçy akkreditasiýa edildi diýlip, GDA-dan Synçylar toparynyň Baş edarasy tarapyndan habar berildi.

Bularyň ählisi synçylyk tejribesi bolan hünärmenler diýlip, habarda nygtalýar. Olaryň arasynda Arkalaşygyň ýurtlarynyň merkezi saýlaw toparlarynyň başlyklary hem-de agzalary, milli parlamentleriň wekilleri, şeýle hem diplomatik korpusyň wekilleri bar.

Arkalaşygyň synçylary 2023-nji ýylyň 19-njy aprelinden 26-njy apreline çenli geçirilen irki ses berişlige gözegçiligi amala aşyrdylar we onuň kanunyň talaplaryna laýyklykda geçirilendigini mälim etdiler.

Ýene degişli makalalar

Maryda ene-atalardan gyzlarynyň mejbury ginekologiýa barlagyna gatnaşmak talap edilýär
Protestleriň yz ýany, Köneürgençde Internet kesildi, ýene bir etrapda nägilelik aksiýalary geçirildi
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary owgan meselesine bagyşlanan duşuşyga gatnaşdy
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary owgan meselesine bagyşlanan duşuşyga gatnaşdy
MHM işgäri azyk paýlaryny ýatyrmak teklibine garşy çykan mekdep garawulyny ýygnakdan kowdy
Umumy saýlaw biperwaýlygynyň’ arasynda, Türkmenistan parlament saýlawlaryna barýar