Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary owgan meselesine bagyşlanan duşuşyga gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary owgan meselesine bagyşlanan duşuşyga gatnaşdy

13-nji aprelde Özbegistanyň Samarkant şäherinde Owganystanyň iň ýakyn goňşularynyň dördünji ministrler duşuşygy geçirildi. Ýygnakda Türkmenistana daşary işler ministriniň birinji orunbasary Wepa Hajyýew wekilçilik etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi owgan meselesine bagyşlanan duşuşyk barada heniz beýanat bermedi.

Media maglumatlaryna görä, duşuşyga Özbegistanyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Bahtiýor Saidow, Hytaýyň daşary işler ministri Kin Gang, Eýranyň daşary işler ministri Hossein Amir Abdollahian, Pakistanyň daşary işler boýunça döwlet ministri Hinna Rabbani Har, Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin hem-de Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew gatnaşdy.

Ýygnagyň öňüsyrasynda Hytaýyň Daşary işler ministrligi owgan meselesi boýunça öz pozisiýasy babatda beýanat çap etdi.

Ýaýradylan beýanatda Pekiniň hususan-da “Owganystanyň içerki işlerine hiç wagt goşulmajakdygy, Kabulyň açyk we öz içine alyjy syýasy gurluş döredip biljekdigine, deňagramly içerki we daşary syýasaty alyp barjakdygyna, beýleki ýurtlar, esasanam goňşulary bilen dostlukly gatnaşyklary saklamagyna umyt baglaýandygy” aýdylýar.

Şeýle-de, dokumentde "Hytaý Owganystanyň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we territorial bitewiligine, owgan halkynyň garaşsyz saýlawyna, dini ynançlaryna we etnik däp-dessurlaryna hormat goýýar" diýilýär.

Owganystanyň iň ýakyn goňşularynyň duşuşygyndan soň, dört ýurduň, Hytaýyň, Eýranyň, Pakistanyň we Russiýanyň baş diplomatlary owgan meselesi boýunça Samarkantda aýrybaşga duşuşyk geçirdi.

Russiýanyň daşary işler ministrligine görä, bu duşuşykda Owganystanda syýasy durnuklylygy saklamak hem-de gumanitar krizisiň öňüni almak babatda owgan häkimiýetleri bilen hyzmatdaşlygyň zerurlygy maslahat edilipdir.

Şeýle-de, ministrler “owgan çäginden abanýan terrorçylyk howpuna we neşe söwdasyna garşy” utgaşdyrylan tagallalar barada gepleşipdirler.

Russiýa we Hytaý “Talyban” toparynyň 2021-nji ýylyň awgustynda Owganystanda häkimiýeti ele geçirmeginden soň Kabulda öz diplomatik wekilhanalarynyň işini dowam etdiren az sanly ýurtlaryň hatarynda boldy.

Russiýa “Talybany” 2003-nji ýylda terror guramalarynyň sanawyna goşdy. Muňa garamazdan, rus häkimiýetleri “Talyban” bilen ýakyn gatnaşyk saklamaga ymtylyp gelýär.

Owganystandaky “Talyban” hökümeti 2021-nji ýylda Kabulda häkimiýeti ele geçireli bäri dünýäniň hiç bir ýurdy tarapyndan ykrar edilmedi.

Türkmenistan goňşy Owganystanyň halkara ykdysady gatnaşyklara doly derejede goşulyşmagynyň, ilkinji nobatda, iri energetika, ulag-kommunikasiýa taslamalaryna gatnaşmagy arkaly ýakynlaşmagynyň zerurdygyny aýdyp gelýär.

Şol bir wagtda,Türkmenistan transmilli taslamalary, şol sanda Türkmenistan Owganystan Pakistan Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasyny durmuşa geçirmek babatda owgan häkimiýetleri bilen gepleşikleri geçirip gelýär.

Türkmen hökümeti “Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümetini resmi derejede ykrar etmedi.

Owgan hökümeti ýurtda ynsan hukuklaryny, şol sanda aýal-gyzlaryň hukuklaryny basgylamakda tankyt edilýär.

“Biz geçiji owgan hökümetiniň ähli owgan halkynyň, şol sanda aýallaryň, çagalaryň we ähli etniki toparlaryň esasy hukuklaryny we bähbitlerini gorajakdygyny umyt edýäris” diýip, Hytaýyň daşary işler ministrligi Samarkantda geçirilen duşuşygyň öňüsyrasynda çap eden beýanatynda aýtdy.

Samarkant duşuşygy “Talyban” 2021-nji ýylyň 15-nji awgustynda Kabuldaky häkimiýeti ele geçireli bäri owgan meselesi boýunça geçirilýän dördünji ýygnak bolup, birinji ýygnak 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Pakistanda, ikinji ýygnak şol ýylyň noýabr aýynda Eýranda we üçünji ýygnak 2022-nji ýylyň mart aýynda Hytaýda geçirildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

12-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Owganystana Goňşy Ýurtlaryň Daşary Işler Ministrleri Özbegistanda Jemlenişdi
Aşgabatda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň Sammiti geçiriler, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy çagalaryň Awazada dynç alşyny üpjün eder we beýleki habarlar
Aşgabatda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň Sammiti geçiriler
Köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk giňeldilýär
Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrlerini kabul etdi