Maryda ene-atalardan gyzlarynyň mejbury ginekologiýa barlagyna gatnaşmak talap edilýär

Maryda ene-atalardan gyzlarynyň mejbury ginekologiýa barlagyna gatnaşmak talap edilýär

Mary welaýatynyň orta mekdeplerinde ýene okuwçylaryň “ahlak terbiýesine” bagyşlanan ýygnaklar geçirildi. Mekdepleriň we ýerli Bilim bölümleriniň wekilleriniň ene-atalar bilen geçiren ýygnaklarynda okuwçylaryna çöle gezelenje gitmek, kafede ýa-da öýde oturyşyk etmek gadagan edildi.

Şeýle-de, mekdeplerde halaşýan okuwçylaryň ene-atalary bilen aýratyn ýygnak geçirilip, olardan gyzlarynda geçiriljek “ahlak päkiligi” atlandyrylýan ginekologiýa barlagyna gatnaşmak talap edilýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji aprelde sebitden maglumat berdi.

“Şu günler Marynyň mekdeplerinde ene-atalar bilen yzygiderli ýygnaklar geçirilýär. Bu ýygnaklarda mekdep we bilim wekilleri ýazyň gelmegi bilen okuwçylaryň toparlanyşyp, çöle gezelenje gitmeginiň, kafede we öýde oturyşyk gurnamagynyň gadagan edilýändigini mälim edýärler” diýip, maryly ene anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz bu gadagançylyklary geçen ýylarda hem bolandygyny, ýöne bu ýyl munuň berjaý edilmeginiň has berk talap edilýändigini aýdýar.

“Bu ýyl ene-atalardan ýekeme-ýeke arza ýazmak talap edildi. Arzada ene-atanyň pasportdaky maglumatlary we goly bolup, ene-atalar çagalary piknik ýa-da özaralarynda oturyşyk etse, onda özleriniň soraga çekiljekdiklerine razy bolýarlar” diýip, maryly başga bir ene anonim şertde gürrüň berdi.

Bilim resmileri ýokarda agzalan zatlaryň, olaryň öz sözleri bilen aýdylanda, “okuwçylaryň ahlak taýdan zaýalanmagyna eltýändigini” we gadagançylyklaryň “bularyň öňüni almaga gönükdirilendigini” belleýärler.

Ýygnaklarda mekdeplere mobil telefon alyp gelýän okuwçylaryň hem bardygy aýdylyp, olaryň telefonlarynyň ellerinden ýygnalyp alynjakdygy we okuw möwsümi tamamlanýança, mekdepde saklanjakdygy hem duýdurylýar.

“Ýygnakda ene-atalaryň bu mobil telefonlary yzyna almak üçin 200 manat töweregi jerime tölemeli boljakdygy hem aýdyldy” diýip, maryly ene belledi.

Çagalara okuwdan soň, boş wagtynda işlemek hem gadagan edildi. Bilim wekilleri işleýän okuwçylaryň ene-atalarynyň jogapkärçilige çekiljekdigini hem duýdurdylar.

Maglumat üçin aýtsak, Azatlygyň habarçylary ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, dynç alyşlarynda we okuwdan boş wagtynda dürli işlerde zähmet çekip, gazanç etmäge çalyşýan okuwçylaryň göz-görtele köpelýändigini yzygiderli habar berýärler.

Mundan başga-da, Marynyň mekdeplerinde geçirilýän ýygnaklarda ene-atalara mekdebi tamamlaýan okuwçylaryň daşary ýurtlaryň däl-de, Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryny saýlap almalydygyna çagyryş edilýär.

“Ýygnagyň ahyrynda ene-atalara Arkadagyň ýazan kitabyny satyn alyp, öz çagalaryna okatmak hem maslahat berildi. Ahlak terbiýesine bagyşlanan ýygnaklarda hem, Berdimuhamedowlaryň propagandasy edildi” diýip, maryly ene belledi.

Ýygnak tamamlandan soňra, bilim resmileri mekdepde halaşýan okuwçylaryň ene-atalaryny alyp galyp, olar bilen aýratyn duşuşyk geçirdiler. Bu ene-atalardan çagalaryny “berk tutmak, olara gözegçiligi güýçlendirmek” talap edildi.

“Ene-atalara gyzlarynyň mekdebiň saglyk işgärleri tarapyndan ahlak päkligi’ ginekologiýa barlagyndan geçiriljekdigi hem duýduryldy. Resmiler bu barlaga gyzyň ene-atasynyň hem gatnaşmalydygyny aýtdylar. Olar bu barlaglaryň okuwçylaryň arasynda jynsy gatnaşyklaryň barmy ýa ýokdugyny anyklamak üçin geçirilýändigini bellediler” diýip, maryly ene ýygnaklarda okuwçylaryň bilimi barada hiç hili gürrüň gozgalmandygyny hem aýtdy.

Azatlygyň bu ýygnaklar we olaryň sebäpleri barada welaýat Bilim bölüminden teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda häkimiýetler mekdep okuwçylaryna gözegçiligi yzygiderli güýçlendirýärler. Munuň çäginde okuwçylaryň elektron enjamlary, okuw esbaplary we el goşlary duýdansyz barlanýar. Ene-atalara çagalaryna gözegçiligi güýçlendirmek we okuwçylardan internetden peýdalanmazlyk, oturyşyklara, käte-de toýlara gatnaşmazlyk talap edilýär.

Soňky alty ýyl bäri häkimiýetler okuwçy gyzlary mejbury ginekologiýa barlagyndan hem geçirýärler. Bu çäreler käte ýylda bir gezek, käte-de iki gezek duýdansyz geçirilýär.

Habarçylarymyz şeýle barlaglaryň Balkanyň mekdeplerinde geçirilendigi barada soňky gezek fewral aýynda maglumat berdiler. Olar bu barlaglaryň gyzlaryň arasynda göwrelilik hadysalarynyň we ykdysady ýagdaýy pes maşgalalarda ýetginjek gyzlaryň ten satmaga meýil etmegi ýaly wakalaryň köpelmegi bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri bu barlaglar, gadagançylyklar we olaryň sebäpleri barada mesele gozgap, aç-açan habar bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ýasama pirotehniki serişdeleriň, partlaýjy jisimleriň ulanylmagyna garşy wagyz işleri geçirilýär
Protestleriň yz ýany, Köneürgençde Internet kesildi, ýene bir etrapda nägilelik aksiýalary geçirildi
Türkmenistan GDA-nyň Synçylar toparynyň düzüminde Daşkentdäki metbugat maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary owgan meselesine bagyşlanan duşuşyga gatnaşdy
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary owgan meselesine bagyşlanan duşuşyga gatnaşdy
MHM işgäri azyk paýlaryny ýatyrmak teklibine garşy çykan mekdep garawulyny ýygnakdan kowdy