Maryda dizel ýetmezçiligi ýitileşýär, obalarda ol gizlin we gymmat bahadan satylýar

Maryda dizel ýetmezçiligi ýitileşýär, obalarda ol gizlin we gymmat bahadan satylýar

Türkmenistanda üç aý bäri dowam edýän dizel gytçylygy ýitileşýär.Gytçylyk hem ýerli, hem-de ýurduň çäginden üstaşyr geçýän daşary ýurt ýük ulaglaryna ýaramaz täsir edýär.Energiýa serişdelerine baý Türkmenistanyň häkimiýetleri bu ýagdaýlara düşündiriş bermeýärler.

Marynyň häkimiýetleri ýangyç guýýan beketleriň golaýynda nobata duran ýük ulaglary dargadyp, dizel ýetmezçiligini gizlemäge çalyşýarlar.Bu aralykda, beketlerde tapdyrmaýan dizel welaýatyň käbir obalarynda gizlin we gymmat bahadan satylýar.

Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy ozal ilatly punktlaryň ýangyç beketlerinde satuwdan aýrylan dizeliň häzir uly ýollaryň ugrundaky stansiýalarda hem köplenç tapdyrmaýandygyny aýdýar.

“Şu günler uly ýollaryň ugrundaky ýangyç guýýan beketlere günde diňe 8-9 tonna dizel gelýär. Onuň 3 tonnasyny ýerli awtoulaglara paýlaýarys, galan 5-6 tonnasyny daşary ýurt ýük ulaglaryna guýup berýäris. Käte bu mukdarda-da dizel gelmeýär” diýip, ýangyç guýýan bekediň bir işgäri anonim şertde 22-nji noýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, häzir daşary ýurt ýük ulaglarynyň her birine 100 litr dizel berlip, ondan artykmaç guýmak berk gadagan edilýär.

“Daşary ýurtlular köpräk pul hödürläp, ýene 50 litr guýdurjak bolýarlar. Emma häzir barlag bolansoň, biz olaryň haýyşyny ýerine ýetirmeýäris” diýip, ýangyç bekediniň işgäri aýtdy.

Dizel ýetmezçiliginiň arasynda, beketleriň golaýynda üýşýän daşary ýurt ýük ulaglarynyň sany göz-görtele köpeldi. Ýöne häkimiýetler bu ulaglary dargadyp, dizel ýetmezçiligini ýaşyrmaga çalyşýan ýaly bolup görünýärler.

“Dizel diňe käbir günlerde satylýar. Biz, dizel satylar diýen umyt bilen, beketleriň golaýynda nobata durmaga çalyşýarys. Ýöne polisiýa ulaglary her bir sagatdan beketleriň golaýyna aýlanýarlar. Olar sürüjilere uzyn setir bolup, nobata durmagyň gadagandygyny aýdyp, ýük ulaglaryny dargadýarlar” diýip, bu ýagdaýlary başdan geçirýän ýük ulag sürüjileriniň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Polisiýanyň bu çäreleriniň arasynda, häzir uly ýollaryň golaýyndaky awtoduralgalar ýük ulaglardan doldy. Bularyň arasynda bäş-alty gün bäri dizel satyn almaga çalyşýan sürüjiler hem bar.

“Şu duralgada ýatýanymyza bäş gün boldy.Dizel bolmansoň, ýük ulaglarymyzy sürüp bilemizok. Ýangyç guýýan beketde her gün birimiz gezekleşip nobata durýarys.Biz her güni ýanlarymyz bilen alyp gelen gowurdagymyzy iýýäris, emma indi olam azaldy.

Eýrandaky başlygymyz hem bizi gyssaýar.Ol ilki Türkmenistanda dizeliň ýokdugyna ynanmady. Ýöne bizden soň we öň gelen ýük ulaglarynyň hem, dizel tapman, bu ýerde durandygyny anyklandan soň, biziň gündelik çykdajylarymyzy tölejekdigini aýtdy.

Biz bu wagta çenli ýükümizi tabşyryp, yzymyza geçip gitmelidik” diýip, Aşgabat-Mary ýolunyň ugrundaky awtoduralgalaryň birinde garaşýan eýranly ýük ulag sürüjisi habarçymyza gürrüň berdi.

Ýangyç guýýan beketlerde dizel ýetmezçiligi ýitileşýän mahaly, habarçymyz welaýatyň käbir obalarynda onuň gymmat bahadan gizlin satylyp başlanandygyny aýdýar.

“Beketlerde dizeliň bir litri 1 manat 35 teňňeden satylýar. Emma obalarda ony 2 manatdan satyp başladylar. 200 litre çenli satyn alyp bolýar” diýip, habarçymyz belledi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginden we sebitiň Polisiýa müdirliginden kommentariý alyp bilmedi.

Energiýa serişdelerine baý Türkmenistanda, hususan-da, ýurduň nebiti gaýtadan işleýän iri kärhanalarynyň ýerleşýän sebitlerinde, Lebapda, Balkanda we Maryda ýangyç gytçylygy sentýabryň başynda ýitileşip başlady.

Şonda Balkandaky habarçylarymyz Türkmenbaşynyň, Balkanabadyň we Gyzylarbadyň ýangyç guýýan beketlerinde awtoulag ýangyjynyň tas ýokdugyny, stansiýalarda ýüzläp ulag nobatlarynyň emele gelendigini habar berdiler.

Oktýabryň ortalarynda Marydaky habarçylarymyz häkimiýetleriň, mümkin çykalga hökmünde, käbir ýangyç beketlerinde dizeli çäkli ýagdaýda goýbermegi ýola goýýandygyny aýtdylar.

“Türkmennebitönümleri” baş müdirligi ýurtda ýygy-ýygydan ýüze çykýan benzin we dizel gytçylygy hem-de onuň sebäpleri barada düşündiriş bermeýär.

Ýurduň berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri, umumy bahasy millionlarça amerikan dollaryna barabar bolan nebit önümleriniň daşary ýurtlara satylandygy barada dowamly habar berýär, ýöne ýurtdaky ýangyç gytçylygyny agzamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Dizel gytçylygy: Beketlerdäki dizeliň tas ýarysy üstaşyr barýan halkara ýük ulaglaryna satylýar
Lebapda dizel ýangyjy diňe gündiz satylýar, gije ýük ulaglarynyň nobaty döreýär
Türkmenistanda dizel gytçylygy ýitileşýär, häkimiýetler çäkli üpjünçiligi ýola goýýar
Lebapda dizel ýangyjy ýok. Ýangyç beketlerindäki nobatda daşary ýurt awtoulaglary hem bar
Diňle: Dizel gytçylygy - Beketlerdäki dizeliň tas ýarysy üstaşyr barýan halkara ýük ulaglaryna satylýar
Forsaž-10 franşizasy kinoteatrlara 2023-nji ýylyň aprelinde çykarylar