Maryda döwlet TW-si üçin wideo düşürilen nobatdaky çärede gatnaşyjylar boş sahna el çarpdy

Maryda döwlet TW-si üçin wideo düşürilen nobatdaky çärede gatnaşyjylar boş sahna el çarpdy

Mary şäherinde ýurduň döwlet telewideniýesine reportažlary taýýarlamak üçin köpçülikleýin çäreleriň ýene biri geçirildi. Oňa býujet işgärleri, ýokary okuw jaýynyň talyplary we orta hünär mekdepleriniň okuwçylary mejbury gatnaşdyryldy. Bu aralykda, çärelerden halys ýadandyklaryny aýdýan býujet işgärleriniň ençemesi çäreden boşamak üçin edara-kärhanalaryň ýolbaşçylaryna 60 manat para berýändiklerini gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň 19-njy oktýabrda sebitden beren maglumatyna görä, nobatdaky köpçülikleýin çäre şäheriň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda geçirildi.

“Bu çärä ýaşy 30-dan ýokary bolmadyk gelin-gyzlar saýlanyp alyndy. Olar diňe ýa däl, eýse owadan hem bolmaly. Olardan gyzyl pombarh matadan tikilen köýnek we sary öýmek dakynmak talap edildi” diýip, çärä gatnaşan býujet işgärleriniň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Çärä gatnaşanlaryň aglabasy mugallymlardan, çagalar baglarynyň, şäherdäki döwlet edaralarynyň işgärlerinden, şeýle-de Döwlet energetika institutynyň we orta hünär mekdepleriniň okuwçylaryndan ybaratdy.

“Hemişe bolşy ýaly döwlet telewideniýesi üçin öňden düzülen senariý boýunça çäre geçirilip, surata düşürildi. Sahnada hiç hili adam bolmasa-da, çäreçiler boş sahna el çarpyp, hiç kim sahna çykmasa-da, hamala adam gelýän ýaly ýerlerinden turup, el çarpmaly boldular. Çäreçiler bu hereketleri birnäçe sagat etmeli boldular” diýip, býujet işgäri gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, gatnaşyjylaryň arasynda häkimiýetleriň özlerini gurjaga meňzedip, pes derejelere düşürýändigini aýdyp, özaralarynda bu çärelere gahar-gazap beýan edýänler hem bar.

“Yzky setirlerde oturýanlaryň arasynda buýrulan hereketleri berjaý etmän, oturanlar hem boldy” diýip, maryly býujet işgäri gürrüň berdi.

Bu aralykda, çärelerden halys ýadandyklaryny aýdýan býujet işgärleriniň ençemesi edara-kärhanalaryň ýolbaşçylaryna para berip, çärelerden boşap bolýandygyny aýdýar.

“Edil pagta ýygymyna we beýleki oba-hojalyk işlerine çekilmekden boşap bolşy ýaly, edara ýolbaşçysyna 60 manat berseň, çärä gatnaşmakdan hem boşap bolýar. Ýöne paradan bermekden başga-da, deregiňe çärä gitjek adamy hem tapmaly bolýar” diýip, başga bir maryly býujet işgäri aýtdy.

Azatlyk bu çäre we onuň nämä bagyşlanandygy barada Marynyň häkimliginden, agzalýan teatrdan kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanda baýramçylyklar, maslahatlar ýa-da beýleki çäreler üçin döwlet telewideniýesine öňünden reportažlary taýýarlamak tejribesi indi ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär.Bu taýýarlyklara býujet işgärleri, talyplar, okuwçylar, ýaşulular we çagalar köpçülikleýin gatnaşdyrylýar.

Käte gatnaşyjylar boş sahna el çarpmaly bolýarlar, käte-de sungat işgärleri tomaşaçysy bolmadyk sahnalarda çykyş etmeli bolýarlar.Döwlet telewideniýesi köplenç birnäçe gün öň surata düşürilýän bu sahnalary, hamala, efire berlen gününde geçirilen çäreler ýaly edip görkezýär.

Käte aýazly sowukda ýa-da jokrama yssyda geçirilýän bu çäreleriň dowamynda ýaşulularyň, çagalaryň we býujet işgärleriniň birnäçe sagatlap suwsuz we azyksyz galýan pursatlary, munuň bilen bagly olaryň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy ýaly wakalar hem bolýar.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň media serişdeleri bu ýagdaýlar barada asla habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Tatarystanly sungat ussatlary Mary welaýatynda saparda boldular
Alaçsyzlyk medeniýeti: "Arkaç" operasy ýurtdan aýrylanlaryň agyr ykbalyna ünsi çekýär’
Maryda welosipedli ýörişiň maddy çykdajylary ýene býujetçileriň “gerdenine ýüklendi”
Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda dabaraly maslahat geçirildi
Marynyň iň gatnawly köçeleriniň biriniň wagtlaýyn ýapylmagy, ulag dyknyşyklaryna getirýär
Türkmenistanlylar, güýçlendirilen howpsuzlyk çäreleriniň arasynda, baýram namazyny okady