Maryda mekdep okuwçylary kafelerde we barlarda işläp, okuwdan soň gazanç edýär

Maryda mekdep okuwçylary kafelerde we barlarda işläp, okuwdan soň gazanç edýär

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklar bilen baglylykda, Mary şäherinde ýokary synp mekdep okuwçylarynyň kafelerde, barlarda, restoranlarda we toý mekanlarynda işleýändigini has köp görse bolýar diýip, Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň biri habar berýär. “Mary şäherindäki kafe-barlaryň ençemesinde okuwçy gyzlar mekdepden soň ofisiant bolup işleýärler. Şeýle kafe-barlaryň iki sanysy şäheriň Bawman köçesiniň ugrunda ýerleşýär.

Okuwçy gyzlar we oglanlar toý mekanlarynda hem işleýärler.Mary şäherindäki toý mekanlarynyň aglabasynda okuwçy oglanlar we gyzlar ofisiant bolup işleýärler” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 16-njy oktýabrda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, okuwçy gyzlar we oglanlar kafelerde, barlar ýa-da toý mekanlarynda takmynan sagat 15:00-dan tä 22:00-a çenli işleýärler.Iş berijiler olaryň gününe ortaça 40 manat töleýär. “Kafeleriň we barlaryň eýeleri okuwçy gyzlaryň ýaşyna seretmeýärler.

Olar köplenç okuwçy gyzlaryň diňe görküne, owadanlygyna seredip, işe alýarlar” diýip, habarçy kafe-barlarda işleýän okuwçylara salgylanyp aýtdy.Habarçy mundan ozalky ýyllarda şäheriň kafelerinde, barlarynda ýa-da toý mekanlarynda kämillik ýaşyny dolduran ýaşlaryň işländigini aýdyp, munuň soňky aýlarda göze ilýän täze tejribedigini hem belledi. Şeýle-de, ol okuwçy gyzlaryň we oglanlaryň okuwdan soň ofisiant bolup işlemegine olaryň ene-atalarynyň hem garşy däldigini, sebäbi gün-güzerany pes maşgalalaryň muňa goşmaça gazanç çeşmesi hökmünde garaýandygyny aýtdy. “Ene-atalar eklenç kyn, okuw eşigini düzedip, özüne gerek puly tapsalar bolany’ diýýärler” diýip, habarçy belledi.

Azatlyk Radiosyna Mary şäherindäki kafelerde, barlarda ýa-da toý mekanlarynda işleýän okuwçylaryň ýaşlaryny we olaryň hepde-de takyk näçe sagat işleýändigini anyklamak häzirlikçe başartmady. Şeýle-de, okuwçylaryň zähmet işleriniň olaryň mekdepdäki okuwyny dowam etmäge päsgelçilik döredýändigini ýa-da döretmeýändigini hem anyklap bolmady.

Türkmenistanda çagalar mekdebe 6 ýaşynda başlaýarlar we ony ortaça 17 ýaşynda tamamlaýarlar.Türkmenistanyň Zähmet kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda kanunynyň 23-nji maddasyna laýyklykda, zähmet şertnamasynyň baglaşylmagyna ýol berilýän ýaş 18 ýaş diýlip kesgitlenilýär. Şol bir wagtyň özünde, bu kodeksiň 60-njy maddasyna laýyklykda, 18 ýaşyna ýetmedik şahslaryň zähmete çekilmegine, iş wagtynyň gysgaldylan dowamlylygyny bellemek bilen, zähmet şertnamasyny baglaşmak arkaly ýol berilýär. Şeýlelikde, iş wagtynyň gysgaldylan dowamlylygy ýaşy 16-dan 18-e çenli işgärler üçin hepdede 36 sagatdan köp bolmaly däl, ýaşy 16-a çenli bolan adamlar üçin bolsa hepdede 24 sagatdan köp bolmaly däl.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary we ýerli synçylaryň ençemesi soňky ýyllarda ýurtdaky ykdysady kynçylyklar, harytlaryň gymmatlamagy we gytçylygy bilen baglylykda, ilatyň gün-güzeranynyň kynlaşýandygyny, goşmaça gazanç gözlegindäki adamlary has köp görse bolýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanda ilat arasyndaky işsizligiň, garyplygyň derejesi hakyndaky resmi maglumatlar çap edilmeýär. Şol bir wagtda, ýurduň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow "raýatlaryň durmuş, ýaşaýyş derejesiniň indi has gowulanandygyny" aýdyp, ilata çärýek asyrlap mugt berlen hyzmatlary ýatyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Ýene degişli makalalar

Maryda gadagan edilen täze ýyl çärelerini çagalar üçin çäkli geçirmäge mümkinçilik berildi
3-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ýadyň güýçlüligini gorap saklamagyň tebigy ýollary
Aşgabatda her polisiýa öz nobatynda 10 adama jerime salmaly (Audio)
Medwedow dünýäniň birinji raketkasy derejesinde özüniň ilkinji oýnuny ýeňiş bilen tamamlady
Russiýaly tennisçi Medwedew dünýäniň birinji raketkasy boldy
Aşgabatda bazarlar, kafeler we restoranlar açylýar. COVID-19 ýoklugynyň kepilnamasy talap edilýär