Maryly telekeçiniň guşçulyk toplumynda günde 75 müňe golaý ýumurtga alynýar

Maryly telekeçiniň guşçulyk toplumynda günde 75 müňe golaý ýumurtga alynýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Anna Orazmämmedowa degişli guşçulyk toplumynda her gün 75 müňe golaý ýumurtga alynýar. Bu barada “Rysgal gazeti” duşenbe güni habar berdi.

Mary welaýatynyň Mary etrabynda ýerleşýän guşçulyk toplumynda towuklaryň etlik we ýumurtga berýän görnüşleriniň müňlerçesi talabalaýyk idedilýär. Bu ýerde ýumurtga ugurly towuklaryň 86 müňüsi idedilip, olardan alynýan ýumurtgalar gabarasynyň iriligi, tagamlylygy bilen tapawutlanýarlar.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda etlik towuklaryň 100 müňe golaýy önümçilige goýberlip, olar “Kekeç” haryt nyşany bilen söwda nokatlaryna ugradyldy.

Telekeçi Anna Orazmämmedowa uzak möhletleýin bölünip berlen 100 gektar ýeriň 80 gektarynda guşçulyk toplumy üçin iýmlik däneli ekinleri hem ösdürip ýetişdirýär. Ol ekinlerden ýylyň-ýylyna bol hasyl alnyp, guşçulyk toplumynda idedilýän towuklar hemişe göwnejaý iýmitlendirilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport komitetiniň başlygyna berk käýinç berildi
TFF 2022-nji ýylyň futbol möwsüminiň jemlerini jemledi
Ahal taryhynda dördünji gezek Türkmenistanyň kubogyna mynasyp
Türkmenistanyň kubogy ― 2022: Didar Durdyýew möwsümiň iň netijeli futbolçysy boldy
Çempionlykdan soň kubogy hem gazandy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY