Maşgala mukaddesligi ýörelgäm, el hünäri göreldäm

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Ilkinji Zenanlar guramasy bilen bilelikde gurnamaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym mukaddeslige tagzym” atly ajaýyp eserine esaslanyp, ene-mamalarymyzdan miras galan milliligimizi, maşgala mukaddesligini, däp-dessurlarymyzy, milletiň käbesi Ogulabat ejemiziň amaly-haşam sungatyny ýaş gelin-gyzlarymyzyň arasynda wagyz etmek maksady bilen, “Maşgala mukaddesligi ýörelgäm, el hünäri göreldäm” atly maslahat geçirildi.

Maslahata dürli pudaklarda zähmet çekýän gelingyzlar, kitaphana işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym mukaddeslige tagzym” atly eserinde milletiň käbesi Ogulabat ejäniň ähli babatda nusgalyk durmuş ýoly, ýaş nesli Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemekde uly orny eýeleýän türkmen halkynyň asylly ýörelgeleriniň açylyp görkezilýändigini, şeýle hem ene-mamalarymyza goýulýan sylag-sarpa, maşgala gymmatlyklary ,eneden-gyza geçirilýän el hünäri dogrusynda çykyş etdiler. “Maşgala mukaddesligi ýörelgäm, el hünäri göreldäm” atly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Maşgala mukaddesligi ýörelgäm, el hünäri göreldäm
OGULABAT EJÄNIŇ EL HÜNÄRI TÜRKMEN ZENANLARYNYŇ GÖRELDE MEKDEBIDIR
Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Türkmenistanda Ogulabat Berdimuhamedowany hatyraladylar, Türkmenistan 2022-nji ýylda Russiýa pomidor eksport edijileriň esasylarynyň birine öwrüldi, Aşgabada MAZ AGPJ-niň wekiliýeti geldi we beýleki habarlar
Prezident Erdogan, Gurbanguly Berdimuhamedowa Gynanç Bildirdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri we türk Lideri telefonda söhbetdeş boldular