Mask “Tesla Cybertruck”-yň iň soňky nusgasyny görkezdi

Amerikan işewüri Ilon Mask “Tesla Cybertruck” ulagynyň soňky nusgasy bilen Ostin şäheriniň degre-daşynda gezelenç edip, awtoulagyň suratyny paýlaşdy. Mask maý aýynda “Cybertruck”-yň prototipini sürüp, Tehasdaky “Tesla”-nyň litiýni gaýtadan işleýän zawodynyň düýbüni tutmak dabarasyna hem gelipdi.

Mask awtoulagyň garaşylýan netijäni berendigini we onuň gündelik sürjek awtoulagy boljakdygyny belledi. Paýdarlaryň maslahatynda Mask awtoulagyň şu ýylyň ahyrynda iberilip başlanjakdygyny aýtdy. Mask her ýyl 250 müň bilen 500 müň aralygynda “Cybertrucks” ulagyny satmagy maksat edinilýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Ýene degişli makalalar

Ilon Mask Hytaýa bardy
“Twitter”-iň mahabat girdejisi azalýar
Malaýziýada edarasyny açdy
Ilon Mask adam paýhasyndan ozdurjak superintellektiň dörejekdigini aýtdy
Ilon Mask Twitteriň emblemasyny üýtgetdi
Forbes: Mask sanawyň başyna dolandy