Telekeçi Ilon Maskyň emlägi onuň döreden Tesla elektrik ulaglaryny öndürijisiniň öz işgärlerini10 göterim kemeltmekçidigi barada habary peýda bolan dessine 17 milliard ABŞ dollary möçberinde azaldy. Bu barada TASS ýazýar.
Neşiriň ýazmagyna görä, Nýu -Ýorkuň gazna biržasynyň söwdalaşyklarynda Teslanyň paýnamalary 5 göterim aşaklady we telekeçiniň maliýe emläginiň 16,9 milliard dollara çenli azalmagyna getirdi. Emma Mask elinde bar bolan emlägi bilen dünýäniň iň baý adamy bolmagynda galýar, onuň ähli maliýe emlägi 216,8 milliard ABŞ dollarydyr.
Ilon Maskyň geçen penşenbede Teslanyň ýolbaşçylygyna iberen hatynda işgärleriniň sanyny 10 göterim kemeltmek we bütin dünýäde täze işgärleri almaklygy togtatmak barada görkezme berendigi habar berlipdi. Onuň muny ykdysadyýet babatda ýaramaz ýagdaýy öňünden syzýandygy bilen delillendirendigi aýdylýar.
