Matematikadan güýçliler

Matematikadan güýçliler

Ysraýyl döwletiniň Ariel uniwersitetiniň başlangyjy bilen geçirilen matematika boýunça 14-nji Açyk Halkara Internet-olimpiadanyň supefinalynyň netijeleri yglan edildi. Ýokary sylaga mynasyp bolanlaryň arasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary-da bar.

Dünýäniň dürli ýurdundan altyn medal eýelän ylymlar melikesiniň muşdaklarynyň 12-sinden 2-si ildeşlerimizdir.Olar Magtymguly adyndaky TDU-nyň informatika tehnologiýalary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Akmuhammet Akmyradow bilen ikinji ýyl talyby Resul Şamuhammedowdyr.

TDU-nyň 5-nji ýyl talyby Ramazan Bahtiýarow we 1-nji ýyl talyby Eziz Saparow kümüş, 3-nji ýyl talyby Myrat Sapaýew bürünç sylaga mynasyp boldular.

Intellektual üstünliklerde gazanylan 5 medal matematika boýunça bu abraýly we meşhur halkara bäsleşiginde ýetilen ajaýyp netijedir. Talyplarymyzyň nobatdaky ýeňşi milli bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň, şol sanda sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagynyň, daşary ýurt dillerini öwrenmegiň netijesidir.

Ýokary netijeler gazanmaga innowsiýaly we giň mümkinçilik döredýän okuw işiniň döwrebap guralmagy ýardam etdi diýip bu ýokary okuw mekdebiniň olimpiada gatnaşan toparynyň ýolbaşçysy, matematika analizi kafedrasynyň müdiri, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty Nurmuhammet Gurbanmämmedow gürrüň berýär. Galyberse-de, ýeňşimiziň girewi oňa höwes, bilelikdäki döredijilikli, erjel zähmet, bilimleri yzygiderli kämilleşdirmekdir.

Talyplaryň mugallymy we halypasy Nurmuhammet Gurbanmämmedow indi on bäş ýyl töweregi ýurdumyzyň baýry okuw jaýynda okuwçylary matematika boýunça olimpiadalara taýýarlap gelýär. Şu ýyllarda ol talyplary bilen dünýä ýurtlarynyň ençemesinde bolup geldi. Olar bilelikde ýokary okuw jaýyna abraý, Watanymyza bolsa hemişe medal getirdiler.

Ariel uniwersitetiniň howandarlygyndaky olimpiadada ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň talyplary-da öňe saýlandyalr. Ýene-de 11 5 kümüş we 6 bürünç medala Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary mynasyp boldular.

Umuman, 14-nji Açyk Halkara Internet-olimpiada dünýä ýurtlarynyň onusynyň Türkmenistandan başga-da, Russiýanyň, ABŞ-nyň, Rumyniýanyň, Polşanyň, Beýik Britaniýanyň, Hindistanyň, Özbegistanyň, Wýetnamyň we Ysraýylyň ýokary okuw mekdepleriniň 35-sinden 400-den gowrak talyp gatnaşdy.

Şu olimpiadanyň aýgytly tapgyrynda gowşurylan dürli derejeli 49 medalyň 16-syny biziň talyplarymyz eýelediler! Matematika ökdelere üstünlikler we ýene-de ajaýyp ýeňişler arzuw edýäris!

Ýene degişli makalalar

Türkmen talyplary halkara matematika olimpiadasynda birinji orunlaryň ýedisini eýelediler
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanly we daşary ýurtly talyplar halkara matematika olimpidasyna çagyrylýar