11-nji maýda Aşgabatda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň hökümetara ýygnagy geçdi.
Bu ýygnakda Russiýa ýurdyň parlamentiniň ýokarky öýi, Federal Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko wekilçilik etdi.
“Biz siziň bilen GDA we bütin Ýewraziýa giňişligindäki hökümetara hyzmatdaşlykda täze sahypany açýarys” diýen Matwiýenkony metbugat gullugy sitirleýär.
Onuň sözlerine görä, 2021-nji ýylda Russiýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň söwda dolanşygy geçen ýyllara garanda, ep-esli ýokarlanyp, 37 millard dollar çemesi boldy. Russiýanyň kapitaly bilen sebitde 17 müňe golaý kärhana işleýär. Russiýanyň sebitleri we Merkezi Aziýadaky sebitleri ýüzlerçe ylalaşyga gol goýdylar.
Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy öz ýurdunyň Merkezi Aziýanyň howpsuzlyk derejesini ösdürmäge gyzyklanýandygyny hem sözüne goşýar.
Matwiýenkonyň aýtmagyna görä, bu ýerde gürrüň halkara terrorizme we ekstremizme, häkimiýetleri güýç bilen agdarmak we zorlukly döwlet agdaryşyklary barada gidýär.
“Biz şu meseleler boýunça köptaraplaýyn diýalogy ösdürmek, hyzmatdaşlygyň CSTO, ŞHG we Aziýada özara gatnaşyk hem ynam döretmek çäreleri guramasy ýaly mehanizmler arkaly goldamaga gyzyklanýarys”.
Matwiýenko rus dili mowzugyna hem degip geçip, Russiýa Merkezi Aziýadaky ösüp gelýän ýaş nesliň rus dilinde bilim almagyna we rus medeniýeti bilen tanyşmagyna gönükdirilen taslamalary ösdürýändigini nygtaýar.
Mundan soňra öňki prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň “Hyzmatdaşlygyň ösmegine goşant goşandy” ordeni, “IPA GDA. 30 ýyl” ýubileý medaly bilen Matwiýenkony sylaglady.
Bu ýygnagyň netijesinde:
-Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň hökümetara ýygnagynyň Aşgabat jarnamasy kabul edildi,
-Federasiýa Geňeşiniň we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň hyzmatdaşlygy barada ylalaşyga gol goýuldy,
-Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Täjigistanyň Mejlisi Milli Mejlisi Oliniň hyzmatdaşlygy barada ylalaşyga gol goýuldy.
Aşgabatda geçen ýygnaga Gazagystanyň Parlamentiniň Senatynyň başlygy Maulen Aşumbaýew,Gyrgyzystanyň Jokorky Geňeşiniň başlygy Talant Mamytow, Täjigistanyň Milli Mejlisiniň ýokarky öýüniň başlygy Rüstem Emamoli, Özbegistanyň Oliý Mejlisiniň Senatynyň başlygy Tanzila Narbaýewa we baş sekretar-IPA GDA Geňeşiniň sekretarlygynyň ýolbaşçysy Dmitriý Kobiskiý dagy gatnaşdylar.The post Matwiýenko Merkezi Aziýa ýurtlarynda döwlet agdarlyşyklaryna garşy durmak barada gürrüň berdi we Berdimuhamedowdan medal aldy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.
