Matwiýenko türkmen parlamentarilerini Parlamentara Assambleýanyň nobatdaky mejlisine gatnaşmaga çagyrdy

Matwiýenko türkmen parlamentarilerini Parlamentara Assambleýanyň nobatdaky mejlisine gatnaşmaga çagyrdy

18-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenkonyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hanym Matwiýenko Milli Geňeşiň wekiliýetini GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň şu ýylyň noýabr aýynda Sankt-Peterburg şäherinde geçiriljek nobatdaky 53-nji mejlisine gatnaşmaga çagyrdy.

Mejlisiň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyny Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady hem-de üçünji Ýewraziýa zenanlar forumynyň ýokary guramaçylyk derejesini belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn görnüşdäki parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy. Şeýle hem geljek ýylda Türkmenistanda ýokary derejeli parlamentara forumy geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Dünýä Liderleri Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdiler
Türki dilli döwletlerde başdan geçirlen möhüm wakalar
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW ADYNDAKY HOWANDARLYGA MÄTÄÇ ÇAGALARA HEMAÝAT BERMEK BOÝUNÇA HAÝYR-SAHAWAT GAZNASYNYŇ BEJERIŞ IŞLERI BOÝUNÇA WISE-PREZIDENTINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNA IŞ SAPARY
Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Wekiliýeti Türkmenistanda Saparda Boldy
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Başlygy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygyny kabul etdi