Mebato-nyň utuşly aksiýasynyň möhleti 2 gün uzaldyldy

Mebato-nyň utuşly aksiýasynyň möhleti 2 gün uzaldyldy

Mebato brendiniň esasy baýragy ýeňil awtoulag bolan utuşly aksiýa yglan edendigini habar beripdik. 2022-nji ýylyň 10-njy maýynda başlanan aksiýa 10-njy iýunda tamamlanmalydy. Emma müşderilerden gelip gowşan köp sanly teklipleri hem-de haýyşlary nazara alyp, Mebato aksiýanyň möhletini ýene-de 2 gün uzaldýandygyny habar berdi. Diýmek, arzyly baýraklary utmak üçin nesibäňi synamaga amatly mümkinçilik döredi.

Sowgatly aksiýanyň jemleri 2022-nji 14-nji iýunynda Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki Bagtyýar Türkmen toý mekanynda jemleniler. Çäre 09:00-da başlanar.

Aksiýa gatnaşmak üçin Mebato brendiniň paýtagtymyzdaky hem-de bäş welaýatdaky söwda dükanlaryndan 1000 manatlyk söwda edip, 1 sany utuşly petek alyp bolýar.

Petekleriň arasynda boşy ýok, esasy baýrak bolsa — ýeňil awtoulag. Beýleki baýraklaryň hatarynda — smartfonlar, holodilnikler, kir ýuwujy maşynlar, telewizorlar, pylesoslar, gaz plitalary, mikrotolkunly peçler, ütükler we başga-da köpsanly ululy-kiçili sowgatlar bar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 61 34 03 34; +993 62 35 03 35

Ýene degişli makalalar

Hoş Syýahat türk awiakompaniýasynyň peteklerini satyn alanlara sowgat berýär
Toý hyzmatlaryny guraýan Ak kepderi kärhanasy uly aksiýa yglan edýär
Aşgabatdaky Hisense dükanlarynda Täze ýyl mynasybetli utuşly oýun geçiriler
Terrorizme Garşy Göreş Egilşiksiz Dowam Edýär
Türkmenistan we Russiýa hyzmatdaşlyk hakynda 15 sany resminama gol çekdiler, Türkmenistan benziniň bahasy iň arzan döwletleriň içinde 10-luga girdi, Halk market ähli dükanlar zynjyrynda gök önümleriň we miweleriň bahasyny 15% çenli arzanlatdy
Türkmenistanda Uly Moskwa sirkiniň çykyşlary guralýar, Awazada Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi we beýleki habarlar
Azerbaýjanda Protest Aksiýalary Dowam Edýär