Medeniýet hepdeligi

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki Türkmeniň ak öýi binasynda Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi.Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi özüniň nakgaşçylyk we amaly-haşam sungatynyň eserlerinden düzülen ajaýyp göçme sergisini gurady.

Baýramçylyga bagyşlanyp gurnalan sergide halypa suratkeşler Aýhan Hajyýewiň, Çary Amangeldiýewiň, Annadurdy Аlmämmedowyň, Annamämmet Hojanyýazowyň, Nyýazmyrat Dowodowyň hem-de Durdy Baýramowyň eserleri öz beýanyny tapdy.Bu eserler dabaralara gatnaşan her bir myhmanda ýatdan çykmajak duýgulary galdyrdy.

Türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmek maksady bilen ýurdumyzda yzygiderli geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeligi uly ähmiýete eýedir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Hatyra” gününe bagyşlanyp Şehitlere tagzym bolsun, bu güller“ atly geçirilen sergi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
MEDENIÝET WE SUNGAT IŞGÄRLERINIŇ WE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGRYÝET GÜNI MYNASYBETLI GURNALAN GÖÇME SERGI
Milli sungatymyz ýaş sungaty öwrenijileriň gözi bilen
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda