 “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan wakalarynyň üstüni ýetiren Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde sungatyň, çeper döredijiligiň dürli görnüşlerini öz içine alýan köp sanly medeni çäreler ýaýbaňlandyryldy.
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça gazanýan ösüşleri, halkymyzyň ruhy dünýäsi öz beýanyny tapýar.Medeniýet hepdeliginiň her ýylda geçirilmegi ýurdumyzda medeniýetiň, sungatyň hem-de edebiýatyň ösdürilmegi ugrunda döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň oňyn netije berýändigini aýdyňlygy bilen äşgär edýär.
Bu çare milli medeniýetimizi ösdürmekde, ýaş zehinleri ýüze çykarmakda möhüm ähmiýete eýedir.Medeniýet hepdeligine gatnaşýan döredijilik işgärleri Hazar deňzinde gämili gezelenç etdiler.Munuň özi soňky ýyllarda tanalmaz derejede özgeren “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň gözel görnüşini we bu künjegiň tebigy aýratynlyklaryny, gojaman deňziň giňişliklerini synlamak üçin ajaýyp mümkinçilik boldy.
Medeniýet we sungat işgärleri ýurdumyzda çeper döredijiligi hemmetaraplaýyn ösdürmäge we täze sungat hem-de çeper eserleri döretmäge gönükdirilen şertler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.
Medeniýet hepdeliginiň köpöwüşginli çäreleri welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde dowam etdi.Bu ýerde ýurdumyzyň suratkeşleriniň “Sungat gözelligi — ylham çeşmesi” atly şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň suratkeşleriniň dürli ugurlar boýunça döreden eserleri bu ýerde guralan serginiň täsirli pursatlara baý bolmagyny şertlendirdi.
Sergä gatnaşyjylar özboluşly suratlary we amaly-haşam sungatynyň eserlerini synlap, çeper döredijilige gol beren döredijilik işgärleriniň zehininden dörän işleriň ýokary baha mynasypdygyny nygtadylar. “Türkmennebit” döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Türkmenbaşydaky medeni-sport toplumynda çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlary guraldy.
Balkan welaýatynyň çagalar döredijilik toparlarynyň “Bagtyýar nesilleriň owazy” atly aýdym-sazly çykyşlary çärä gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.Munuň özi ýurdumyzda sungat ussatlarynyň täze nesliniň kemala gelýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Şeýle hem bu ýerde medeniýet we sungat ulgamy boýunça baý tejribe toplan sungat ussatlarynyň ýaş nesiller bilen duşuşygy geçirildi.
Sungat ussatlary körpe artistlere özleriniň iş we durmuş tejribeleri barada gürrüň berdiler. Ýurdumyzyň şahyrlarynyň deňziň kenarynda aýdyşyk görnüşindäki çykyşlary hem täsirli boldy.Bu çare döredijilik işgärleriniň göwnüni galkyndyryp, olary täze, döwrebap eserleri döretmäge ruhlandyrdy.
Türkmen halkynyň köpasyrlyk medeniýeti we sungaty, bagşyçylyk däpleri jemgyýetde agzybirligiň we ruhy sazlaşygyň berkarar bolmagyny esasy ugur edinýär.Bagşy-sazandalaryň çykyşlarynda hut şu ugra degişli asylly ýörelgeler öz beýanyny tapdy.
Türkmenbaşy etrabynyň Belek şäherçesindäki Medeniýet öýünde ýurdumyzyň bagşy-sazandalarynyň “Ol şirwan perdäňe galsana, bagşy!” atly konserti hepdeligiň esasy wakalarynyň birine öwrüldi.Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guralýan çärelerde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde durmuşa geçirilýän beýik işler, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ýeten derejesi, dürli ugurlar boýunça gazanylýan üstünlikler öz beýanyny tapdy.
Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde ýurdumyzyň halk teatrlarynyň arasynda guralan “Şadyýan şahandazlar” atly döredijilik bäsleşiginiň jeminiň jemlenmegi taryhy pursatlaryň üstüni ýetirdi.Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda halk teatrlarynyň arasynda geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy.
Onuň dowamynda saýlap alan hünärine söýgüsi çäksiz bolan artistleriň döreden keşplerine, ussatlyk derejesine mynasyp baha berildi.Ajaýyp keşpleri janlandyryp, ýokary baha mynasyp bolan artistler ýurdumyzda çeper döredijiligiň, teatr sungatynyň döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirilmegi ugrunda yzygiderli tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.
Bäsleşigiň jemini jemlemek we ýeňijileri sylaglamak dabarasy tamamlanandan soňra, bu ýerde “Ene wesýeti” atly sahna oýny görkezildi. Ýurdumyzyň halk teatrlarynyň işgärleri milli medeniýetiň we sungatyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, türkmen sungatyny dünýä giňişligine çykarmak ugrunda mundan beýläk-de ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Türkmenbaşy etrap medeniýet merkezinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy hem-de 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Arkadagly Watanymyz — dillerde dessanymyz” atly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Medeniýet hepdeligi Balkanabat şäherindäki Nebitçiler medeniýet köşgünde Lebap we Mary welaýatlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti bilen dowam etdi.Joşgunly aýdym-sazly çykyşlarda ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň ýeten derejesiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň we Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde gazanylýan üstünlikleriň waspy ýetirildi.
Medeniýet hepdeliginiň giň gerimli çäreleri üstünlikli dowam edýär.
