Ol şirwan perdäňe galsana, bagşy!

24-nji iýunda Medeniýet hepdeliginiň çäginde Ol şirwan perdäňe galsana, bagşy!atly bagşy-sazandalaryň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Belek şäherçesindäki medeniýet öýünde konsert geçirildi.Konserte gatnaşan ähli welaýatlaryň bagşy-sazandalary türkmen halk aýdymlaryny hem-de naýbaşy dessanlaryň parçalaryny ýerine ýetirdiler.

Türkmen halkynyň köpasyrlyk medeniýeti we sungaty, bagşyçylyk däpleri jemgyýetde agzybirligiň we ruhy sazlaşygyň berkarar bolmagyny esasy ugur edinýär.Bagşy-sazandalaryň çykyşlarynda hut şu ugra degişli asylly ýörelgeler öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzyň bagşy-sazandalarynyň Ol şirwan perdäňe galsana, bagşy!

atly konserti hepdeligiň esasy wakalarynyň birine öwrüldi.Bu ýerde türkmen halkynyň taryhyň dowamynda we häzirki döwürde hem netijeli ulanylýan milli saz gurallarynyň sergisi guraldy.Munuň özi ajaýyp binada geçirilen baýramçylyk dabarasynyň derejesiniň we ähmiýetiniň belende galmagyny üpjün etdi.

Sergä gatnaşyjylar bagşy-sazandalaryň çykyşlaryna uly höwes bilen tomaşa etdiler.Olar halk aýdym-sazlarynyň çeperçilik derejesine, bagşylaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyna ýokary baha berdiler.Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guralýan çärelerde ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde durmuşa geçirilýän beýik işler, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ýeten derejesi, dürli ugurlar boýunça gazanylýan üstünlikler öz beýanyny tapdy.

Taýýarlan:Ogulgurban GAŞLAKOWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni.

Ýene degişli makalalar

Medeniýet hepdeligi — 2026: üçünji gün
Medeniýetiň hem sungatyň belent sarpasy
Medeniýet hepdeligi — 2026: bäşinji gün
Gresiýadaky Ýangynlarynyň Esasy Bölegi Gözegçilik Astyna Alyndy
Coralfly kompaniýasy oba hojalyk tehnikalary we ýeňil ulaglar üçin süzgüçleri hödürleýär
Lawrow: Azerbaýjan-Ermenistan Düşnüşmezliginiň Esasy Bölegi Çözüldi