Medwedew: Türkmenistan, Russiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlarynda ýokary netijeleri gazandylar

Medwedew: Türkmenistan, Russiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlarynda ýokary netijeleri gazandylar

2023-nji ýylda Russiýa we Türkmenistan çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerip, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ulgamlarynda ýokary netijeleri gazandylar diýip, Russiýanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedew täze ýyl mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlag hatynda belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

“Bilelikdäki netijeli işimiziň Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde durnuklylygy hem-de howpsuzlygy berkitmegiň bähbidine gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynanýaryn” diýip, Dmitriý Medwedew gutlag hatynda aýtdy.

Russiýanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedew şu pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärçilikli döwlet işinde täze üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk hem-de abadançylyk arzuw etdi.

Şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Muhammed bin Raşid AL-Maktum, Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Mansur bin Zaýed AL-Nahaýýan, Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Çžao Leszi, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Çžan Min Türkmenistanyň Prezidentine gutlag hatlaryny iberdiler.

Ýene degişli makalalar

Hytaýda Türkmenistanyň Medeniýet ýyly geçiriler
Serdar Berdimuhamedow Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy bilen duşuşdy
“DIALOG — PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI” — HALKARA GATNAŞYKLARYŇ TÄZE FILOSOFIÝASY
Hytaýly komonawtlar Ýeriň orbitasynda bardylar
Nongfu Spring agyz suw satýan kompaniýanyň eýesi Hytaýda iň baý adam boldy
ПРЕЗИДЕНТ ТУРКМЕНИСТАНА ВСТРЕТИЛСЯ С ГЕНЕРАЛЬНЫМ СЕКРЕТАРЁМ ШАНХАЙСКОЙ ОРГАНИЗАЦИИ СОТРУДНИЧЕСТВА