Medwedew Ukrainanyň territoriýasynyň paýlaşylýan kartany görkezdi

Medwedew Ukrainanyň territoriýasynyň paýlaşylýan kartany görkezdi

Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň başlygy Dmitriý Medwedew duşenbe güni Soçi şäherinde geçirilen ýaşlar festiwalynda Ukrainanyň territoriýasynyň uly böleginiň Russiýa, Polşa, Rumyniýa we Wengriýa tarapyndan paýlaşylan karta görkezdi. Kartada diňe Kiýewiň we onuň töweregindäki kiçiräk sebitiň üstünde "Ukraina" ýazgysy bardy.

Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň başlygy Dmitriý Medwedew mundan başgada "Dnepr derýasynyň iki kenaryndaky sebitiň Russiýanyň taryhy strategik serhetleriniň aýrylmaz bir bölegidigini" aýtdy. Kartada Pridnestrowýe bolsa Moldowanyň bölegi hökmünde görünýär.

"Şu günki ýagdaý 1962-nji ýyldaky ýagdaýdan has erbet" diýip aýdan Medwedew, häzirki ýagdaýy Kuba raketa krizisi bilen deňeşdirdi.

Medwedew: "Bu indi Russiýa garşy Amerikan ýaragy bilen, Amerikan ýöriteleşdirilen güýçleriniň we maslahatçylarynyň gatnaşmagynda alynyp barylýan giň gerimli söweş" diýip aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Türkiýäniň Strategik Göçümleri Gresiýanyň Gün-tertibinde
Halkara Anadoly Ankasy Türgenleşigi-2024-iň Metbugata Tanyşdyryş Bölümi Geçirildi
Türkmenistan bilen Astrahanyň arasynda deňiz ulaglary üçin hünärmenleri taýýarlamak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy
11-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
'Altyn Asyr' türkmen köli taslamasy näme üçin şowsuz boldy?
Kartalkaýa Liža Merkezinde Bolan Ýangynda 10 Adam Ýogaldy