Mega Teknik santehnika we hammam otagy üçin mebelleriň dükanyna täze harytlar gelip gowuşdy

Mega Teknik santehnika we hammam otagy üçin mebelleriň dükanyna täze harytlar gelip gowuşdy

Aşgabatdaky Mega Teknik dükany türk öndürijileriniň iň täze santehnika önümleri bilen tanyşmaga çagyrýar.

Gelip gowşan täze harytlaryň hatarynda Shower brendiniň duş kabinalary we wannalary, şeýle hem Qua we Bien kompaniýalarynyň unitazlary bar.

Shower brendiniň duş kabinalary döwrebap dizaýny bilen tapawutlanýar hem-de taplanan aýna, hromlanan metal we akril ýaly ýokary hilli materiallardan taýýarlanýar. Şeýle hem Mega Teknik dükanynda Shower brendiniň wannalary hödürlenýär.

Görnüşleriň we göwrümleriň köpdürlüligi esasynda alyjylar hatda kiçi otaglar üçin hem wannalary saýlap alyp bilerler.

Mundan başga-da, hödürlenýän hojalyk santehnika enjamlarynyň dürli görnüşleriniň arasyndan öz hammam otagyňyz üçin amatly unitazy saýlap alyp bilersiňiz.

Ýatlatsak, Mega Teknik dükany Aşgabadyň içine we ýurduň welaýatlaryna harytlary eltip bermek hyzmatyny guraýar.

Şu salgyda dükanda hödürlenýän harytlar bilen tanşyp bilersiňiz: Aşgabat, halkalaýyn awtoýol, Aýdyn mekan söwda merkezi, Gümrük terminalynyň golaýy. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 62) 82 41 08 we (+993 65) 67 62 43.

Dükanyň Balkanabatdaky şahamçasy: 6-njy ýaşaýyş toplumy, Söwda merkeziniň binasy. Maglumat üçin telefon: (+993 64) 82 90 20.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Mega Teknik dükanlary öýüňiziň keşbini özgertmek üçin önümleriň dürli görnüşlerini hödürleýär
Aşgabatdaky Mega Teknik dükanyna harytlaryň täze tapgyry gelip gowuşdy
Mega Teknik girelge gapylaryny 15% arzanladýar
Mega Teknik dükanlary girelge gapylarynyň dürli görnüşlerini hödürleýär
Aşgabatdaky Mega Teknik dükanyna kafelleriň we potolok panelleriniň täze toplumlary gelip gowuşdy
Karl III telewideniýe arkaly halka ýüzlendi