Karl III telewideniýe arkaly halka ýüzlendi

9-njy sentýabrda Karl III Beýik Britaniýanyň Patyşasy hökmünde ilkinji gezek halka ýüzlendi. Patyşa telewideniýe arkaly eden çykyşynyň başynda uzak ýyllaryň dowamynda ylham çeşmesi hem-de tutuş Şa maşgalasy üçin görelde mekdebi bolup durýan Ýelizaweta II hoşallyk sözlerini aýtdy. Karl III Konstitusiýa ýörelgelerini goldajakdygyny, öz ýurduna we halkyna ejesi ýaly yhlas bilen hyzmat etjekdigini aýtdy.

Patyşa täze jogapkärçilikleriň durmuşyny özgertjekdigini belläp, Şa zenany konsorty bolan maşgalasy Kamillanyň goldawyna bil baglaýandygyny aýtdy. Şeýle hem Karl III ogly Uilýamy Uelsiň şazadasy we mirasdüşeri diýip, yglan etdi.

Karl III öz merhum ene-atasy Ýelizaweta II we Filipe adamzada bolan söýgüsi we wepalylygy üçin minnetdarlyk bildirdi.Patyşa öz çykyşyny şu günlerde Şa maşgalasyna gynanç we ruhy goldaw bildirýänlere hoşallyk sözleri bilen tamamlady.

Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II 8-nji sentýabrda aradan çykdy. Patyşa 96 ýaşyndady. Häzir Birleşen Patyşalykda milli ýas dowan edýär.

Maglumatlara görä, 73 ýaşly Çarlz 10-njy sentýabrda Londonyň Sankt-Jeýms köşgünde geçiriljek dabarada Tagt mirasçylygy geňeşi tarapyndan resmi taýdan Patyşa diýlip yglan ediler.Karl III uly ogly Uilýama we gelni Keýte Uelsiň şazadasy we şazadanyň aýaly diýen atlary berdi.

Bu atlar ozal özüne hem-de merhum aýaly Diana degişlidi. Şeýle hem, Korol “durmuşyny daşary ýurtlarda gurmagy dowam etdirýän” ogly Garrä hem-de gelni Megan Markla bolan mähirli söýgüsini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Karl III täç geýdirmek dabarasyna 2,2 müňden gowrak myhman gatnaşar
Şazada Garriniň ýatlamalar kitabynyň çykjak senesi belli boldy
Karl III resmi taýdan patyşa yglan edildi
Türkmenistanyň Prezidenti Karl III-ä täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmaga Britaniýa bardy
Diananyň köýnegi “Sotheby’s” auksionyna çykaryldy
EURO 2024-iň pleý-off tapgyrynyň bijeleri çekildi