Karl III täç geýdirmek dabarasyna 2,2 müňden gowrak myhman gatnaşar

Karl III täç geýdirmek dabarasyna 2,2 müňden gowrak myhman gatnaşar

Şu ýylyň 6-njy iýunynda Beýik Britaniýanyň Westminster abbatlygynda geçjek Patyşa Karl III täç geýmek dabarasyna 2,2 müňden gowrak myhman gatnaşar. Bukingem köşgüniň duşenbede ýaýradan habarynda olaryň hatarynda 203 ýurtdan myhmanyň bardygy, 100 töweregi döwlet ýolbaşçylarynyň ýokary derejede kabul ediljekdigi aýdylýar. Bu barada TASS habarlar gullugyna salgylanýan Trend ýazýar.

Patyşanyň diwanynyň habaryna görä, dabara döwlet hem-de hökümet baştutanlaryndan we Patyşa maşgalasynyň agzalaryndan ötri, Uelsiň, Şotlandiýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň hökümet başlyklary, Arkalaşygyň ýurtlarynyň general-gubernatorlary, Patyşanyň iri edara ediş birliklerindäki ýerli dikme-lordlar, dürli ybadathanalaryň, ýaragly güýçleriň, diplomatik korpusyň wekilleri, Nobel baýragynyň eýeleri, jemgyýetçilik guramalaryň we adatdan daşary gulluklaryň işgärleri çagyryldy.

Şeýle-de çakylyk hatlary Patyşanyň öň esaslandyran haýyr-sahawat gaznalarynda işleýän ýaşlaryň 400 töwereklisine iberildi.

Karl Üçünjä täç geýdirmek dabarasy Şa zenan Ýelizaweta II aradan çykandan sekiz aý soň geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Karl III telewideniýe arkaly halka ýüzlendi
EURO 2024-iň pleý-off tapgyrynyň bijeleri çekildi
64 ýyldan soň 2-nji gezek gatnaşýan Uelsiň ýygyndysy
Azmun şikeslidigine garamazdan, Eýranyň dünýä çempionatynda gatnaşjak düzüminden orun aldy
Çempionata jemi näçe futbolçy gatnaşýar, iň köp haýsy ýurduň klublary wekilçilik edýär?
Legionersiz ýygyndylar, diňe legionerlerden düzülen ýygyndy (Katar 2022 barada gyzykly maglumatlar)