DÇ-2022: Eýran emin tarapyndan goşulan wagtda 2 gol urup, Uelsi ýeňdi

DÇ-2022: Eýran emin tarapyndan goşulan wagtda 2 gol urup, Uelsi ýeňdi

Biraz ozal DÇ-2022-niň ikinji tapgyrynyň deslapky oýny — Uels — Eýran gapma-garşylygy tamamlandy.Dartgynly geçen duşuşyk Aziýanyň wekiliniň 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen gutardy.Tomaşaçylar oýnuň esasy wakalaryna ahyrky minutlarda şaýat boldular. 88-nji minutda Uelsiň derwezeçisi Ueýn Hennessi emin tarapyndan gyzyl kart bilen jezalandyryldy. Şondan soň garşydaşyň azlykda galmagyndan ruhlanan Eýran hüjüme bat berdi.

Yzly-yzyna guralýan hüjümler emin tarapyndan goşulan minutlarda öz miwesini berdi. 90+8-nji minutda Çeşmi hasaby açan bolsa, 90+11-de Rizaýan oýna soňky nokady goýdy. Şeýlelikde, Eýran 3 utuk bilen B toparçada ikinji orna göterildi.

Toparçadaky ikinji oýun şu gün 23:55-de Angliýa bilen ABŞ-nyň ýygyndylarynyň arasynda geçiriler.

Üçünji tapgyrda Eýran ABŞ-nyň ýygyndysy bilen, Uels bolsa Angliýa bilen oýnar. B toparçada üçünji tapgyryň duşuşyklary 29-njy noýabrda 23:55-de başlanar.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanyň çäginde dünýä çempionatynyň duşuşyklaryna Match tv teleýaýlymynyň üsti bilen göni ýaýlymda tomaşa etmek mümkin.

Ýene degişli makalalar

EURO 2024-iň pleý-off tapgyrynyň bijeleri çekildi
64 ýyldan soň 2-nji gezek gatnaşýan Uelsiň ýygyndysy
Azmun şikeslidigine garamazdan, Eýranyň dünýä çempionatynda gatnaşjak düzüminden orun aldy
Çempionata jemi näçe futbolçy gatnaşýar, iň köp haýsy ýurduň klublary wekilçilik edýär?
Legionersiz ýygyndylar, diňe legionerlerden düzülen ýygyndy (Katar 2022 barada gyzykly maglumatlar)
Katar 2022-de 2-nji günüň duşuşyklary
64 ýyldan soň geçirilen ilkinji gol ýeňlişden halas etdi