Eýranyň ýygyndysy soňky minutlarda ýeňşini baýram etdi

Futbol boýunça Dünýä Kubogynyň 6-njy gününiň ilkinji duşuşygynda Eýran bilen Uelsiň ýygyndylary duşuşdy. Çekeleşikli geçen duşuşykda Eýranyň ýygyndysy 2-0 hasabynda ýeňşini baýram etdi. 1-nji duşuşykda Angliýadan 6-2 hasabynda utulan Eýranyň ýygyndysy Uelsi soňky minutlarda, has takygy berlen goşmaça wagtyň hem ahyrky pursatlarynda geçiren gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňmegi başardy.

Eýranyň ýygyndysyna ýeňiş getiren gollary uzak aralykdan 90+8-nji minutda Ruzbeh Çeşmi hem-de 90+11-nji minutda Ramin Rezaeian geçirdi.Oýnuň 86-njy minutynda Uelsiň derwezeçisi Hennessi gyzyl kart alyp meýdançadan çykaryldy.

Ol bu çempionatda gyzyl kart alan ilkinji futbolçy boldy. 67 minutlap meýdançada galan Serdar Azmunyň, şol sanda Ali Golizadehiň bir urgusy sütünden yzyna gaýtdy.

Duşuşykda esasy düzümde meýdança çykan Uelsiň kapitany Garet Beýl milli toparynyň iň köp duşuşyk geçiren oýunçysy boldy (110 duşuşyk).

Ýene degişli makalalar

Azmun şikeslidigine garamazdan, Eýranyň dünýä çempionatynda gatnaşjak düzüminden orun aldy
DÇ-2022: Ekwador Niderlandlar bilen, Angliýa ABŞ bilen deň oýnady
Eýran ABŞ, Ekwador Senegal: haýsy toparlara näçe utuk, nähili netije gerekli? (3-nji aýlawyň ilkinji duşuşyklary)
Eýranyň ýygyndysyna 1 utuk hem ýeterlikdi
Angliýada we Uelsde hristianlaryň ilatyň düzümindäki paýy azaldy
Diananyň dakynan göwheri auksiona çykdy