Mehmet Fatih Kajyr: "Türkiyäni önümçilik merkezine öwürdik" diýdi

Mehmet Fatih Kajyr: "Türkiyäni önümçilik merkezine öwürdik" diýdi

Eskişehirde fabrigiň açylyşyna gatnaşan Senagat we tehnologiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr: "Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde 22 ýyl bäri emele getiren syýasy durnuklylyk gurşawy, derňew we innowasiýa ekoulgamy, meýilnamaly senagat ugurlary, potratçylyk medeniýeti we hünärli adam resurslarymyz bilen Türkiyäni goşmaça baha we hünärli önümçilik global merkezi ýagdaýyna öwürdik" diýip mälim etdi.

22 ýylda guramaçylykly senagat zolaklarynyň sanyny 192-den 361-e ýetirendiklerini, polat eksportyny 4 esse artdyrandyklaryny, 15 milliard dollara ýetirendiklerini aýdan Senagat we tehnologiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr: "Enjam eksportyny 12 esse artdyryp 25,2 milliard dollara, himiýa eksportyny 10 esse artdyryp 30 millard dollara, awtoulag eksportyny 15 esse artdyrp 35,7 milliard dollara we Türkiyäniň jemi eksportyny bolsa 36 milliard dollardan 255,8 milliard dollarlyk rekord derejä ählimiz bilelikde ýetirdik" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Şimşek Amerikaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ministr Mehmet Şimşek, Braziliýada Saparda Bolar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny