Mejlisiň Başlygy Tunisiň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Mejlisiň Başlygy Tunisiň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Tunis Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tarek Ben Salemden ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna Tunis Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda ilçi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Şeýle-de diplomat Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler, Mejlisiň düzümi we alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy.

Ilçi Tunisiň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady. Şunda parlamentara gatnaşyklaryň aýratyn orny bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda iki tarapyň hem bähbitlerine doly laýyk gelýän özara hormat goýmak we oňyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan, däp bolan döwletara dialogyň mundan beýläk hem pugtalandyryljakdygyna ynam bildirildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Wenesuelanyň täze ilçisi işe başlady
MOSKWADA DABARALY KONSERT PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň Tehniki uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy
Türkmenistanda Panama Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Türkmen ilçisi Tokioda agzaçar sadakasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Sloweniýanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Angolanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi