Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Sloweniýanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Sloweniýanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Darýa Bawdaž Kuretden ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, ilçi Sloweniýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň barşynda diplomat Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, şeýle hem ýurduň milli parlamentiniň düzümi we kanun çykaryjylyk işi bilen tanyşdyryldy.

Söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän gatnaşyklar barada özara pikir alyşmalar boldy.

Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi deňhukuklylyga we özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda tagalla etjekdigine ynandyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi sloweniýaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi
Sloweniýanyň ilçisinden ynanç hatynyň nusgasy kabul edildi
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Angolanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
MOSKWADA DABARALY KONSERT PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanda Wenesuelanyň täze ilçisi işe başlady