Sloweniýanyň ilçisinden ynanç hatynyň nusgasy kabul edildi

Sloweniýanyň ilçisinden ynanç hatynyň nusgasy kabul edildi

2024-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Darýa Bawdaž Kuret bilen duşuşyk geçirdi. M.Bäşimowa ilçiden ynanç hatynyň nusgasyny kabul etdi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, M.Bäşimowa ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde gerekli goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny aýtdy.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar döwletara gatnaşyklarynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan türkmen-slowen gatnaşyklarynyň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilşi ýaly, Türkmenistan bilen Sloweniýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýär.

Ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini bellemek bilen, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky özara gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar. Taraplar yzygiderli esasda geçirilýän duşuşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine itergi berýän wajyp gurallaryň biridigini bellediler.

Söhbetdeşler Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-slowen hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini, şeýle hem iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi sloweniýaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Sloweniýanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Dostlukly Zähmet dermanhanasy: türgenler we işjeň durmuş ýörelgesini alyp barýan adamlar üçin harytlar
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasyna täze ilçi belledi
Prezident Erdogan, Eýranyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi