Aşgabatda mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça III halkara olimpiada tamamlandy.Onuň ýapylyş dabarasy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirildi.Iri halkara bäsleşiginde ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň 58-si hem-de daşary ýurtlaryň 10-syndan, Russiýadan, Ermenistandan, Özbegistandan, Hytaýdan, Belarusdan, Türkiýeden, Eýrandan, Täjigistandan we Gazagystandan okuwçylaryň 112-si çykyş etdiler.
Olimpiadanyň jemleri boýunça has köp baýraklary jemi 29 medal: 6 altyn, 10 kümüş we 13 bürünç eýelän türkmen okuwçylary iň ýokary netijeleri görkezdiler. Şeýlelikde, toplan medallarynyň sany boýunça Türkmenistanyň okuwçylary birinji orna mynasyp boldular. 16 medal eýelän Özbegistanyň mekdep okuwçylary ikinji orny eýelediler.
Olimpiadanyň öňdebaryjylarynyň üçünji ornunda Täjigistanyň mekdep okuwçylary ýerleşdiler, olar medallaryň 15-sini gazandylar.Matematika boýunça zehinli okuwçylara mynasyp bolan medallary we diplomlary, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Ýaşlar Watanyň daýanjy atly kitaby dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýapylyş dabarasynda halkara olimpiadanyň eminleriniň başlygy, daşary ýurtlaryň we Türkmenistanyň mekdep okuwçylary we olaryň mugallymlary hem-de ýurdumyzyň bilim ulgamynyň wekilleri çykyş etdiler.
Bellenilişi ýaly, Aşgabatdaky olimpiada dünýäniň dürli ýurtlaryndan ýaş zehinleri ýüze çykarmak, ösdürmek we goldamak, ösüp gelýän nesilleri ylma we döredijilige işjeň gyzyklanmalaryny höweslendirmek üçin nobatdaky gezek üstünlikli we netijeli meýdança öwrüldi.
Olimpiadanyň geçirilmeginiň milli bilim ulgamynyň ösüşiniň hil taýdan täze derejelere çykýandygynyň nobatdaky subutnamasy bolandygy buýsanç bilen nygtaldy.Dabara gatnaşyjylar şeýle çäreleri ýokary derejede geçirmäge ösüp gelýän nesilleri hemmetaraplaýyn ajaýyp şertler hem-de ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge döredilen giň mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň Hökümetine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Daşary ýurtly wekiller türkmen tarapyna mähirli kabul edilenlikleri we çäräniň ýokary derejede guralandygy üçin hoşallyk sözlerini aýtdylar.Myhmansöýer Türkmenistanda bolmagyň ýatdan çykmajak ajaýyp täsirleri we duýgulary bagyş edendigi bellenildi.
Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen matematika dersi boýunça III halkara olimpiada Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy dabaralandyryljak şöhratly 2026-njy ýylda dünýäniň ýurtlarynyň arasynda ylym we bilim ulgamynda dostlukly gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyran ähmiýetli waka öwrüldi.
Dabaraly çäräniň ahyrynda III halkara matematika olimpiadasyna gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik toparlary tarapyndan taýýarlanylan aýdym-sazly konsert geçirildi.
